Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Seýdide işler ileri
17.05.2024

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda üstümizdäki ýyly üstünliklere beslemek, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna geçginli nebit önümlerini öndürmek ugrunda gaýratly zähmet çekilýär. Agzybir we başarjaň nebiti gaýtadan işleýjileriň birleşen tagallalarynyň ýerine düşýändigine bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üç aýynyň görkezijilerine nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Kuwwatly senagat kärhanasynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň özleriniň işine berýän gündelik üns-aladasyny ýakyndan duýýandyklaryny kanagatlanma bilen belleýärler. Kabul edilýän möhüm çözgütler, berilýän goldawhemaýatlar bolsa, ilkinji nobatda, kärhananyň önümçilik-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, desgalaryň çig mallar bilen üpjünçiligini hem-de işgärleriň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly köptaraply meseleleri öz içine alýar. Bulardan başga-da, kärhananyň işini dolandyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri hem amala aşyrylýar. Şeýle tagallalaryň ahyrky maksady ýokary hilli, bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilişini artdyrmak bolup durýar.

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, seýdili nebiti gaýtadan işleýjileriň gazanýan netijeleri barha ýokarlanýar. Has takygy, kärhana boýunça üstümizdäki ýylyň üç aýynda çig mallaryň 123,9 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi we bu baradaky meýilnama 111 göterime golaý berjaý edildi. Şonuň netijesinde benzin öndürmegiň meýilnamasy 131 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Öndürilen bu gymmatly önüm 75,6 müň tonnadan gowrak boldy. Dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnama hem berjaý edilip, alyjylara bu harytlyk önümiň 32,6 müň tonnadan gowragy ugradyldy. Kärhanada şeýle-de wakuum gazoýlyny, ýol bitumyny öndürmek baradaky meýilnamalar 140 göterimden gowrak berjaý edildi. Şonda bu gymmatly önümleriň öndürilen möçberleri degişlilikde 9 müň 407 tonna we 7 müň 150 tonna barabar boldy. Ýeri gelende bu önümlere içerki, şeýle-de daşarky sarp ediş bazarlarynda uly isleg bildirilýändigi bellärliklidir.

— Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmet adamlary üçin amatly iş we durmuş şertlerini döretmek boýunça jogapkärli wezipeleri öňde goýýar. Biz bu möhüm meseleler boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýarys. Şonda zawodymyzyň ýolbaşçylygy bilen guramamyzyň arasynda baglaşylan köpçülikleýin şertnamada bellenilenleri durmuşa geçirmek meseleleri gündelik üns merkezinde saklanylýar. Bilelikde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde hünärmenler üçin ýokary amatlylyklary bolan howpsuz iş şertleri üpjün edilýär.

Bulardan başga-da, işgärlerimiziň maşgalalarynyň ýaşaýyş jaý şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Seýdi şäherinde olar üçin ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurulýar. Hut häzirki döwürde hem bu işler giňden alnyp barylýar. Iri kärhanamyzyň ähli işgärleri bolup, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza zähmet adamlary hakynda edýän taýsyz aladalary üçin özümiziň hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de üstümizdäki ýyl üçin bellenilen möhüm meýilnamalary abraý bilen berjaý etmek hyjuwy bilen joşýarys — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ahmet Annamyradow ynam bilen aýdýar.