Ýurdumyz nebitgaz serişdelerini gazyp almak, olary ýerlemek boýunça ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini netijeli halkara gatnaşyklary bilen has-da bekidýär. Bu hakykat Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň orunbasary Badr Al-Badryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň paýtagtymyza amala aşyran sapary hem ýene bir gezek tassyklady.
Bu saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň barşynda hormatly myhman we wekiliýetiň agzalary «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirip, uzak ýyllara daýanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň dünýäniň iri energetika döwletleridigini nazara alanyňda, nebitgaz pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine wajyp ähmiýet berilýär.
Paýtagtymyzda geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Amanow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Halid Al Falihiň arasynda geçen ýylyň noýabr aýynda geçirilen gepleşikleriň gönüden-göni dowamydyr. Şol duşuşykda hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere garaldy.
Ýeri gelende aýtsak, Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministri Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysydyr.
Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň iýul aýynda geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda energetika pudagyna hem giň orun berilýändigini, bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.
Şu gezek Aşgabatda geçirilen gepleşikler bu gadamlaryň mynasyp dowamatyna öwrüldi. Taraplar gepleşikleriň ýakyn geljekde miwesini berjekdigine bil bagladylar.