Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
ÝAS­GA SÜÝ­JI SUW ÝA­TA­GYNYŇ ÄH­MI­ÝE­TI
15.02.2024

Ýurdumyzyň ýerasty we ýerüsti baýlyklaryny gözläp tapmak, işläp geçmek we rejeli peýdalanmak halk hojalygyny ösdürmegiň esasy meseleleriniň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar we bu ugurda ylmy taýdan esaslandyrylan netijeli çözgütleri amala aşyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmen tebigatynyň täsin künjekleriniň hatarynda durýan Ýasga ýerasty köli içgin alada mynasyplygy bilen tapawutlanýar. Bu süýji suw ýatagy günbatarda Uly Balkan, günortada Kiçi Balkan, gündogarda Köpetdag gerişleri, demirgazykda Garagum sährasy bilen gurşalyp alnan, linzanyň uzynlygy, takmynan, 60 kilometre, ini bolsa 25 kilometre deň. Suwy özünde saklaýan esasy jisim çäge bolan bu ýatakda suwuň galyňlygy 60-70 metre ýetýär. 1957-1958-nji ýyllarda G.N.Ýomudskiý we N.G.Şewçenko tarapyndan Ýasga süýji suw linzasynyň üsti açylyp, 1963-nji ýylda ol doly özleşdirilip ulanyşa berilýär. Düzüminde suw saklaýan çetwertik döwrüniň çökündileri, esasan, terrigen görnüşli dag jynslaryndan, iri däneli fraksiýalardan durýar. Bu döwrüň aşaky bölegi alewrolitler, çägeler bilen häsiýetlendirilýär. Ýokary çetwertik döwrüniň çökündileri az derejede alewrit, toýun görnüşlerinden durýar. Ýasga suw ýatagynyň duzlulygy 1 g/l-den aşak bolan süýji suw bölegi perimetri boýunça duzlulygy 1 g/l-den ýokary suw toplumy bilen gurşalyp alnandyr. Şonuň üçin ony linza görnüşli diýip atlandyrýarlar. Bu suwlaryň emele gelşini hünärmenler, esasan, atmosfera çökündileri bilen baglaşdyrýarlar. Suwuň gelip çykyşyny gadymy uly derýalaryň we uly çuňluklardan ýokary ornaşýan infiltrasion suwlaryň täsiri bilen baglaşdyrylýan çaklamalar hem bar.

Geologiýa (häzirki Ylmy-barlag tebigy gaz) institutynyň alymlary, hünärmenleri Ýasga suw ýatagyny hemmetaraplaýyn öwrenip, gor hasap görkezijilerini ylmy taýdan esaslandyryp, duzlulygy 1 g/1 çenli bolan süýji suwuň uly göwrümini hasapladylar. Ýerasty suwlary Garagum switasynyň çäginde, takmynan, 2 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýär we linza görnüşde ýaýrap gidýär. Ýasga suw ýatagynyň çendenaşa çylşyrymly gidrogeologik şertleri ony özleşdirmegiň, işläp geçmegiň, peýdalanmagyň täze usulyny tapmagy talap etdi. Alymlar, hünärmenler süýji, duzly suwlaryň özara çäklerinde, şol bir wagtda biri-birine ýakyn ýerleşýän ulanyş guýulardan alynýan suw nusgalarynyň himiki düzüminiň seljermesi boýunça olaryň hereketlerine, garyşmagyna gözegçilik edip, bu ýatagy doly, dogry peýdalanmagyň amatly usulyny özleşdirdiler. Günbatar Türkmenistanyň çäginde amala aşyrylan bu usula bilermenler ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän amatly, ylmy taýdan ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýan usul diýip baha berdiler. Ýeri gelende aýtsak, ol dünýä amalynda agyz suw ýataklaryny peýdalanmakda täze açyş derejesinde ykrar edildi.

Ýerüsti hem-de ýerasty baýlyklaryň uly gorlary jemlenen ýurdumyzyň bu sebitinde halk hojalygynyň nebitgaz, himiýa, gurluşyk pudaklary ýokary derejede ösýär. Bu ösüşleriň her biri şu günki we geljekki suw üpjünçilik meseleleriniň maksadalaýyk çözülmegi üçin çuň, ylmy taýdan esaslandyrylan işleri amala aşyrmagy talap edýär. Garagum switasynyň çäge dag jynslarynyň düzüminde uly göwrümde süýji, Balkan welaýatynyň Balkanýaka çöketliginiň çäklerinde çetwertik döwrüniň galyndylarynda duzlulygy 2-3 g/1 barabar bolan gorlaryň ýaýranlygy gidrogeologlar tarapyndan hasaplanandyr, olaryň birnäçesi häzirki wagtda peýdalanylyp gelinýär. Emma suw üpjünçilik ýagdaýy has ýokary derejäni talap edýär. Ýerasty suwlary ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň iň möhümleriniň biridir.

Ýasga suw ýatagyndan daş bolmadyk aralykda ýerleşýän Çilmämmetgum, Çerkezli suw ýataklarynyň geologik, gidrogeologik şertleriniň özara meňzeşligini göz öňünde tutup, bu meýdançalaryň çäginde gözleg, agtaryş işleriniň çaltlandyrylmagy bolsa, geljekde agyz suw üpjünçiligini has ýokary derejä ýetirer.

Aýtmämmet AKMÄMMEDOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti