Milli ykdysadyýetimiziň batly depginler bilen ösmegini dowam etdirmek we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy örän möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda hem bu ugruň ähmiýeti aýratyn nygtalýar.
Ýakynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026—2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Öňki tejribeler sanlylaşdyrmagyň Türkmenistany ösen ýurtlar derejesine çykarmak üçin möhüm ädimdigini görkezýär. Täze tehnologiýalaryň dürli pudaklarda, hususan-da hojalyk we bilim edaralarynda ornaşdyrylmagy meseleleri has netijeli çözmäge mümkinçilik berýär.
Öňki konsepsiýa bu ulgam üçin berk infrastruktura döretmäge we binýady pugtalandyrmaga ýardam etdi. Şeýle-de, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de «ýaşyl» tehnologiýalaryň ulanylmagy milli binagärlik derejesiniň kämilleşmegine şert döretdi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Arkadag şäheriniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu döwrebap şäheriň desgalary iň täze innowasiýalar we sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy.
Ykjam mobil telefonlaryň giňden ulanylmagy bilen mobil goşundylar örän möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki wagtda döredilýän ähli platformalaryň, saýtlaryň, portallaryň we goşundylaryň mobil wersiýalary hem işlenip düzülýär. Bu bolsa hyzmatlaryň elýeterliligini artdyrýar. Sanly ulgama geçmek hususy işewürligi ösdürmäge, hususan-da elektron senagatynyň ösmegine güýçli itergi berdi.
Durdymyradowa Nowbahar,
“Türkmennebit” DK-niň SNGIZ-nyň Zawoda hyzmat edýän işgärler toparynyň nusgalaýjy we köpeldiji maşynlaryň operatory







