Türkmenistanyň Prezidentiniň «Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny maksat edinýär. Bu ugurda ýurdumyzdaky öňdebaryjy pudaklaryň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserni hem sanly dolandyryş giňişligini berkitmek boýunça netijeli işleri alyp barýar.
Uglewodorod serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek babatynda netijeliligi hem-de howpsuzlygy ýokarlandyrmak üçin döwrebap sanly çözgütler işjeň ornaşdyrylýar. Sanlylaşdyrmak pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň we oňa maýa goýumlarynyň özüne çekijiligini artdyrmagyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär.
Resmi maglumatlara görä, konserniň düzümine girýän kärhanalarda önümçilik maglumatlaryny toplamak, seljermek we elektron maglumat ulgamy arkaly dolandyrmak boýunça häzirki zaman platformalar ornaşdyrylýar.
Sanly ulgamyň girizilmegi önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, işgärleriň maglumatlar akymy bilen işini awtomatlaşdyrmaga hem-de dolandyryş çözgütleriniň çalt kabul edilmegine ýardam edýär.
Häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserni sanly çözgütler arkaly önümçiligiň ähli tapgyrlary boýunça maglumatlaryň takyklygyny üpjün edýär. Nebiti we gazy çykarmak, olary gaýtadan işlemek, üpjünçilik hem-de hyzmat ugurlary boýunça bitewi maglumat binýady döredilip, ähli önümçilik tapgyrlarynyň hasabatlylygy sanly görnüşde ýola goýuldy. Netijede, konserniň dolandyryş ulgamy häzirki zaman dünýä tejribelerine laýyk derejede işläp başlady.
Sanly gurşawy ösdürmek diňe önümçilikde däl, eýsem işgärleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde hem giň mümkinçilikleri açýar. Konsernde alnyp barylýan bu işler ýurdumyzyň sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny üstünlikli amala aşyrmaga möhüm goşant goşýar.
Aliýewa Gülnara,
“Türkmennebit” döwlet konserniniň ýolbaşçynyň kätibi







