GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda gaýtadan işleýän senagatyň geljegi
28.04.2026

Te­bi­gy se­riş­de­le­ri gaý­ta­dan iş­läp, ola­ry dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýda­lan­ýan önü­me öwür­mek­de Türk­men­başydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işleri aýratyn ähmiýete eýedir.

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan işle­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň Türk­men­ba­şy şäherinde gurulmagynyň çuňňur strategik ähmiýeti bardyr. Bu ýerde deňiz ýollary ýakynda ýerleşýär we öndürilen önümleri bökdençsiz ibermekde kuwwatly port infrastrukturasyndan peýdalanmaga oňaýly mümkinçilik döreýär.

Bu zawodlar toplumynyň ýurdumyz üçin yk­dy­sa­dy äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Top­lum döwlet býujetine daşary ýurt walýutasyndaky girdejileriň gelmegini üpjün etmek bilen bir wagtda energetika, gurluşyk, saglygy goraýyş ulgamlary ýaly pudaklar üçin möhüm binýady döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, soňky onýyllyklaryň dowamynda bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolma­dyk taslamalar amala aşy­ryl­ýar. Top­lumyň düzümlerinde ýangyç serişdeleri bilen birlikde ýod, polietilen, polipropilen ýaly önümler öndürilýär.

Za­wod­lar top­lu­my­nyň ön­dür­ýän önümleri, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle hem Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümleri bilen birlikde uly islegden peýdalanýar.

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti