Türkmenistanyň Prezidenti 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi. Munuň özi hemmelerde begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Dünýä ülňülerine laýyk gurlan bu täze, döwrebap ýoluň ulanylmaga berilmegi ýükleriň gysga wagtda, köp mukdarda daşalmagyna, ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezini Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyryp, ýolagçy gatnawlarynyň ýokary hilli guralmagyna uly täsirini ýetirer.
Halkara ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary tizlikli ýoluň Mary — Türkmenabat böleginiň ugrunda ähli amatlyklary bolan döwrebap hyzmat ediş binalarynyň ençemesi, şol sanda awtoulaglara ýangyç guýujy beketler hem işe girizilip, ilata hyzmat edip başlady.
Bu gün sürüjiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň ýoluň 485-nji kilometrliginde ýerleşýän 247-nji hem-de 248-nji awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriniň işgärleriniň hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar. Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän bu beketler «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň buýurmasy esasynda onuň Hojalyk hasaplaşygyndaky gurluşyk-abatlaýyş kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde bina edilipdir. Müdirligiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasyna degişli bu beketleriň dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary tehnologiýaly ýangyç guýujy we beýleki enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy sürüjilere bökdençsiz hem ýokary hilli hyzmat etmeklige mümkinçilik berýär. Awtoulaglara ýangyç guýujy beketlerde sürüjiler öz awtoulag serişdelerine benziniň A-95, A-92, A-80, EKO-93 görnüşlerini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler.
Beketleriň her birinde göwrümi altmyş tonna ýangyjy saklamaga mümkinçilik berýän metal çanlaryň bäşisiniň bolmagy ýangyjyň ätiýaçlyk möçberini saklamaklyga şert döredýär. Bu ýerde ýangyna garşy göreş çärelerini doly we dogry berjaý etmek üçin bildirilýän talaplara laýyk enjamlar ýerleşdirilipdir. Awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň her birinde gijegündizde bir müň awtoulaga hyzmat edilýär. Beketlerde zähmet çekýän operatorlar üçin ýörite jaýlar gurlup, olarda işlemek hem dynç almak üçin oňat iş şertleriniň döredilendigini, bu hyzmat ediş nokatlarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, dürli bag nahallarynyň oturdylandygyny hem aýtmak gerek.
Şu ýokary tizlikli halkara awtomobil ýoluny gurduryp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşlary çäksizdir.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







