Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň nebitgaz pudagy depginli ösýär. Hususan-da, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy häzirki zaman ösüşlerini başdan geçirýär.
Toplumyň düzüminde täze zawodlaryň gurulmagy, öňden işläp gelýänleriniň durkunyň düýpli täzelenilip, gaýtadan enjamlaşdyrylmagy bu ýerde nebitden benzin, dizel ýangyjy, çalgy ýaglary ýaly esasy önümleri öndürmek bilen bir wagtda nebitden polietileni we polipropileni öndürmek, şeýle-de ýod erginlerini gaýtadan işlemek ýaly önümçilik ugurlarynyň işini ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Zawodlar toplumy iri senagat desgasy bolmak bilen bir wagtda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, tehnologik taýdan garaşsyzlygynyň hem nyşanydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek esasynda bu ýerde önümçilik diwersifikasiýalaşdyrylyp, işe ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyryldy. Munuň özi toplumyň halkara talaplaryna laýyk gelýän döwrebap nebithimiýa klasterine çenli kämilleşmegine mümkinçilik berdi.
Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti







