Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy iri kärhana hökmünde ýurdumyzda, sebitde we dünýäde tanalyp gelýär.
Häzirki wagtda toplumyň düzümine nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň birnäçesi, şeýle-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny artdyrýan nebiti ikinji gezek gaýtadan işleýän desgalar girýär. ELDAD-HT, katalitiki kreking we riforming, reaktiw dwigateller üçin ýangyjy arassalaýjy, dizel ýangyjyny gidroarassalaýjy, olefinleri alkilirleýji we ýeňil benzini izomerleýji, polipropilen örtügini, bitumy, umumy nebit koksuny, gyzdyrylan nebit koksuny öndüriji desgalar, çalgy ýaglaryny, polipropilen we polipropilen haltalaryny öndüriji sehler kärhananyň esasy tehnologik ulgamydyr.
Bu ýerde häzirki zaman talaplaryna laýyklykda öndürilýän önümler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýän ýokary hilli nebit we nebithimiýa önümleri bilen birlikde Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar döwletlerine giňden eksport edilýär.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







