«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri ýylyň başynda Hazarly meýdançasyndaky 2-nji gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Bu amala aşyrylan anyk, netijeli iş ýurdumyzyň çäklerindäki gaz gorlarynyň täze ýataklaryny çaklamaga we ýüze çykarmaga uly itergi berýär. Täze ýüze çykarylýan tebigy gorlar, ýataklar olary özleşdirmek bilen bagly wezipeleri, iş ugurlaryny we iş orunlaryny döredýär.
Häzirki günde möhüm ugurlar hökmünde tebigy gazyň eksportynyň möçberlerini artdyrmak we ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak işleri öňe çykýar. Şonuň ýaly-da, pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak aýratyn möhüm bolup durýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







