GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýerli baýlyklarymyza daýanyp
02.04.2026

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan mineral çig mal gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Şeýle baýlyklaryň biri hem düzüminde ýod we brom saklaýan ýokary minerallaşan ýerasty suwlardyr. Bu suwlary çig mal hökmünde peýdalanmak bilen, Hazaryň himiýa, Balkanabadyň, Berekediň ýod zawodlarynda ýokary hilli ýod öndürilýär. Ylym ýerasty ýod-bromly suwuň himiki düzüminiň natriý-kalsiý hloridleriniň toparyna degişlidigini tassyklaýar. Olaryň düzüminde ýod we bromdan başga-da litiý, bor, stronsiý, rubidiý, seziý ýaly tebigatda seýrek duşýan gymmatly elementleriň hem ençemesi bar. Bu seýrek we dagynyk elementleri, soňky döwürde, esasan, şeýle gidromineral serişdelerden almaga uly üns berilýär.

Ýurdumyzyň himiýa senagaty uzak möhletleýin we durnukly ösüşiň esasyny goýýan hem-de ykdysadyýetdäki düzümleýin özgertmelere oňat täsir edýän senagatyň binýatlaýyn bölegidir. Hut şu sebäpli hem himiýa senagatyny gazylyp alynýan we gaýtadan işleýän ulgamlar babatda yzygiderli ösdürmek özara utgaşykly tertipde alnyp barylýan ilkinji derejeli wezipelerdir. Bu ugurda täze ýod-bromly gatlaklaryň üstüni açmak, gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak babatda hem yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti