GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Tebigy gazyň eşreti bar
10.03.2026

«Ma­ry­ga­züp­jün­çi­lik» müdir­­li­gi­niň «Oguz­ha­net­rapgaz» gaz ho­ja­lyk eda­ra­sy­nyň «Şat­lyk­şä­her­gaz» gaz ho­ja­lyk ül­şünde iş­­le­riň he­mi­şe bel­leni­len me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da al­nyp baryl­ma­gy, kär­ha­na­nyň hyz­mat ediş gul­luk­la­ry­nyň hem­me­si­niň işle­ri­niň ta­kyk, saz­la­şyk­ly gural­ma­gy gazçyla­ryň Şat­lyk şä­he­riniň ila­tynyň «ma­wy ýan­gyç» bi­len ýy­lyň bü­tin do­wamynda bök­­denç­siz üp­jün edi­lip, ýa­şaý­jy­la­ryň te­bigy ga­zyň eş re­ti­ni gör­mek­le­ri­ne şert dö­red­ýär.

Kärhananyň zähmet adamlary geçen ýylyň güýzgyş möwsüminde ilatyň tebigy gaz bilen üpjünçiliginde bökdençligiň bolmazlygy üçin edara degişli gaz geçirijilerini, gaz enjamlaryny jogapkärli döwre bellenilen meýilnama esasynda birkemsiz taýýar etdiler.

Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň hasabyna gazçylar şäheriniň hem çägi barha giňelýär. Täze emele gelýän ilatly ýerleri gazlaşdyrmak işleri-de alnyp barylýar. Geçen ýylda Milli maksatnama boýunça şäheriň Senagat köçesiniň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baran ýaşaýjylar üçin uzynlygy bäş ýüz metr bolan içki gaz geçirijiler çekilip ulanylmaga berildi. Şol hojalyklar häzirki günlerde döwletimiz tarapyndan halkymyza berilýän eşretiň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Häzir ülşüň gazçylary şäher boýunça umumy uzynlygy 115 kilometrden köpräk bolan orta hem-de pes basyşly gaz geçirijilerine hyzmat edýärler. Şäherde gyş möwsüminden öň geçirijileri poslamadan goramak, olaryň geçirijilik mümkinçiligini doly üpjün etmek boýunça tehniki seljerme, reňklemek işleri ýokary hilli ýerine ýetirildi. Munuň özi şäherde bar bolan 2 sany gaz paýlaýjy, 31 sany hem gaz sazlaýjy enjamlaryň kadaly işläp, hojalyklary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekligine ýardam berýär.

Ülşüň hyzmat ediş gulluklarynyň gazçylarynyň bilelikde geçirýän zerur iş çäreleri arkaly şäherde bar bolan 1 müň 768 hojalyk, edara-kärhanalaryň bolsa 66-sy «mawy ýangyçdan» doly peýdalanýar. Edaranyň içeri öý gullugynyň gaz enjamlaryny ulanmak we abatlamak boýunça slesary Seýitmyrat Amansähedow, daşary gaz geçirijiler gullugynyň gaz geçirijilere hyzmat etmek we bejermek boýunça slesarlary Annadurdy Annadurdyýew, Gadam Gapbarow, heläkçiligiň öňüni alyş gullugynyň slesary Batyr Täzebaýew we beýleki halypa işgärler sarp edijileriň tebigy gaz bilen üpjün edilmegine zähmet goşandyny goşýarlar.

Şu ýylda-da kärhananyň işgärleriniň öňünde şäherde täze emele gelen ilatly ýerleri gazlaşdyrmak wezipesi durýar. Şoňa görä, gazçylar Milli maksatnama boýunça şäheriň Mollanepes köçesiniň ugrunda uzynlygy 550 metr bolan eltiji hem-de 500 metr bolan içki gaz geçirijileri gurup, bir gaz sazlaýjy enjamy gurnap ulanmaga bermekligi maksat edinýärler.

«Tebigy gazdan tygşytly hem howpsuz peýdalanmak «mawy ýangyjy» sarp edijiler üçin iň möhüm şert bolup durýar. Şoňa görä, şu ugurda gazçylar tarapyndan ilat arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilip durulmagy hem möhüm ähmiýete eýe bolýar. Biziň kärhanamyzyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk gullugynyň işgärleri-de, bellenilen meýilnama laýyklykda, Şatlyk şäherindäki orta mekdeplerde, çagalar baglarynda tebigy gazdan peýdalanmagyň düzgünleri barada düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler» diýip, «Şatlykşähergaz» gaz hojalyk ülşüniň başlygy Kakamyrat Gummadow gürrüň berýär.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti