Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde uly orny eýeleýän iri taslamalaryň amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty nebitgaz senagatynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara energetika ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna, energiýa serişdelerini gazyp almagyň we ulanmagyň has netijeli, ekologik taýdan arassa usullaryny işläp taýýarlamagy göz öňünde tutýan täze tehnologiýalaryň döredilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy, türkmen tebigy gazynyň daşarky bazarlara iberilmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda täze infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär. Şunda milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary, hususan-da, 3D hem-de 4D modelirleme usullaryny işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Milli ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän elektroenergetika, gaz we nebit pudaklarynyň kärhanalary üstünlikli hereket edip, oňyn görkezijileri gazanýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda tebigy gaz bilen işleýän döwlet energiýa paýlaýjy ulgamynyň möhüm bölegi bolan birnäçe döwrebap elektrik stansiýalary hereket edýär. Netijede, ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatlyklary ep-esli artdy.
Ýangyç-energetika toplumynyň wajyp binýadyny emele getirýän gaz senagaty Diýarymyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly täze ýataklary gözlemek, baha bermek we senagat taýdan özleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Gazy gaýtadan işleýän pudak hem barha ösýär. Tebigy gazy gaýtadan işleýän täze kärhanalaryň gurulmagy bilen, çig maly has çuň gaýtadan işleýän ýokary netijeli önümçilikler döredildi.
Täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmak we özleşdirmek, çykarylýan nebitiň möçberini ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň hasabyna nebit senagatynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagy netijeli ösdürilýär. Içerki bazary üpjün edýän, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny emele getirýän önümçiligiň möçberini we görnüşini artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Mälim bolşy ýaly, nebit himiýa senagatynyň möhüm binýady bolup durýar. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýag serişdelerini, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar. Tehniki we durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýan türkmen polietileni ýokary islegden peýdalanýar. Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, polietilen has berkligi, mäkämligi, gatylygy, himiki durnuklylygy, dielektrik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam, tikinçilik, mebel önümleri, awtomobil, durmuş tehnikalary üçin şaýlar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin zerur serişdeler taýýarlanylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebitgaz senagatynyň gerimini giňeltmekde wajyp orny eýeleýär. Netijede, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, ýokary oktanly awtoulag benzininiň, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan gazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň, polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçilikleri ýola goýuldy. Täze tehnologiýalarydyr usullary peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzda nebiti, gazy çykarmagyň ýokary depginini üpjün etmekde tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň möhümdigini bellemek gerek.
Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyna çekmek arkaly soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, mundan beýläk-de maksada gönükdirilen halkara işini üstünlikli dowam etdirýär. Her ýyl geçirilýän sergiler, duşuşyklar we maslahatlar nebitgaz pudagynda täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu iri gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary üstünlikli özleşdirilýär.
Türkmenistandaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, kemala getirilen degişli kanunçylyk binýady daşary ýurtly maýadarlar üçin ýurdumyzyň özüne çekijiliginiň barha artmagynyň möhüm şertidir. Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebit ýataklaryny özleşdirmäge maýa goýumlary çekmäge hem aýratyn üns berildi. Uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ugur edinýän anyk taslamalaryň çäklerinde Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijilerini tebigy gaz bilen üpjün etmek, Özbegistana, Eýranyň üsti bilen «swap» usulynda Türkiýä gaz ibermek maksady bilen, iri «Galkynyş» gaz käni özleşdirilýär.
Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olar rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlar öňe sürülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag tehnologiýalary ornaşdyrylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak boýunça degişli işler geçirilýär. Netijede, bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Nebitgaz senagatynyň batly depginler bilen ösdürilmegi ugrunda amala aşyrýan beýik işleri üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!







