Balkanabat şäherindäki “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” trestiniň "Nebitçi" şypahanasy günbatar Türkmenistanyň iň gadymy bejeriş-sagaldyş merkezleriniň biridir.
Bu ýerde dynç alýanlaryň aglaba bölegi nebitgaz toplumynyň işgärleridir. Olar dürli kesellere garşy bejergi alyp bilýärler.
Merkezde häzirki zaman bejeriş usullary bilen birlikde tebigy serişdeleriň ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Hususan-da, bişofit we palçyk wannalary, mineral suw wannalary, massaž we beden örtükleri hödürlenýär. Bejerginiň bahasyna günde üç gezek nahar hem goşulýar.
“Nebitçi” Balkanabat şäheriniň ajaýyp ýeri bolan Beýik Balhanyň eteginde ýerleşýär. Bu ýeriň bagy-bossanlygy we seýilgähler toplumy, arassa howasy dynç alýanlaryň saglygyna şypa berýär. «Nebitçi» şypahanasy 1989-njy ýyldan bäri hereket edip, onuň 4 gatly, 100 orunlyk binasy bar. Şypahana 2012-nji ýylda düýpli abatlanyp, gözel görke getirildi. Şeýle hem ol dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.
Çeşme: "Нейтральный Туркменистан" gazeti







