GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm orny
15.01.2026

Türkmenistany innowasion esasda senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda wezipeleri çözmek, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän strategiýada ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir. 2025-nji ýylyň degişli wakalary we jemleri munuň şeýledigini ýene bir ýola subut etdi.

Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde bu pudagy ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça wajyp wezipeleriň durandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ylmyň täze gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitgaz ýataklaryny gözläp tapmak, nebiti we gazy çykarmak işlerini yzygiderli kämilleşdirmek, uglewodorod serişdelerini, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek, nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek babatda tabşyryklar berildi.

Dünýäde Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolmak bilen, iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär. Şunda milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamlary, hususan-da, 3D hem-de 4D modelirleme usullaryny işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Milli ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän elektroenergetika, gaz we nebit pudaklarynyň kärhanalary üstünlikli hereket edip, oňyn görkezijileri gazanýar.

Ýangyç-energetika toplumynyň wajyp binýadyny emele getirýän gaz senagaty Diýarymyzyň senagat önümçiliginiň möçberiniň ýarysyndan gowragyny eýeleýär.

Täze nebit ýataklaryny ýüze çykarmak we özleşdirmek, çykarylýan nebitiň möçberini ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň hasabyna nebit senagatynyň önümçilik düzümini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şeýle hem nebithimiýa pudagy netijeli ösdürilýär. Içerki bazary üpjün edýän, ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny emele getirýän önümçiligiň möçberini we görnüşini artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygyna çekmek arkaly soňky ýyllarda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, mundan beýläk-de maksada gönükdirilen halkara işini üstünlikli dowam etdirýär. Her ýyl geçirilýän sergiler, duşuşyklar we maslahatlar nebitgaz pudagynda täze taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum muňa aýdyň mysaldyr. Bu çäre “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň “Türkmen Energiýa Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guramagynda diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan nebitgaz toplumyna innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyryp, daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary, işewür düzümleri bilen ynanyşmaga, hormata we özara bähbitlere esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Geçen ýylyň 14-nji maýynda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen halkara derejeli duşuşygy we ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegi hem munuň güwäsidir. Duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyklara gol çekildi.

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda utgaşykly görnüşde geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň baş maksady sanly tehnologiýalary we adam maýasyny ösdürmegi ugur edinýän ýurdumyzyň we iri energetika kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetçiligiň, maliýe institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Geçen ýylda geçirilen iş maslahatlarynda, Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýangyç-energetika toplumynyň infrastrukturasyny innowasion taýdan ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen energetika strategiýasynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitlilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda sebitdäki ýurtlar bilen yzygiderli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmagy we onuň nobatdaky tapgyryna ak pata bermegi hem munuň şeýledigini aýdyň görkezdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti