GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Nebitgaz senagatynda köp sanly önümleriň önümçiligi üstünlikli alnyp barylýar
14.01.2026

Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynyň ösüşlerinde iri önümçilik düzümlerine möhüm orun degişlidir. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody nebitgaz senagatynyň gerimini giňeltmekde wajyp orny eýeleýär.

Bu önümçilik düzümlerinde işler depginli alnyp barlyp, bu günki gün köp sanly önümler öndürilýär. Döwrüň talabyndan ugur alnyp, maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde, wodorod ýangyjynyň, bioýangyjyň, ýokary oktanly awtoulag benzininiň, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan gazyň, dürli görnüşli dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglaryň, polipropileniň, gyzdyrylan elektrod koksunyň, ýol we gurluşyk bitumynyň önümçilikleri ýola goýuldy.

Nebit himiýa senagatynyň möhüm binýady bolup durýar. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýag serişdelerini, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar. Tehniki we durmuşda ulanylýan serişdeleri — örtüjileri, paketleri, kommunikasiýa turbalaryny, elektrik kabelleri örtüjileri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylýan türkmen polietileni ýokary islegden peýdalanýar. Kislotalara, aşgarlara, ýaglara garanyňda, polietilen has berkligi, mäkämligi, gatylygy, himiki durnuklylygy, dielektrik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de ondan durmuşda ulanylýan himiýa önümleri, çelekler, oýnawaçlar, gap-gaçlar, aşhana we hammam, tikinçilik, mebel önümleri, awtomobil, durmuş tehnikalary üçin şaýlar, guýular, estakadalar görnüşindäki uly möçberli gurluşlar üçin zerur serişdeler taýýarlanylýar.

Täze tehnologiýalarydyr usullary peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzda nebiti, gazy çykarmagyň ýokary depginini üpjün etmekde tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň möhümdigini hem bellemek gerek. Şunda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ekologik ölçegleriň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, döwrebap enjamlary satyn almak üçin täze maýa goýumlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri döretmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti