GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ykdysady hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri
07.01.2026

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň durmuşynda uly ykdysady üstünlikleriň we hyzmatdaş ýurtlar bilen geljegi uly ylalaşyklaryň gazanylan ýyly boldy. Uglewodorod serişdelerini çykarmak, ibermek, nebitgaz ulgamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda geçirilen gepleşikler munuň şeýledigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameli bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda geçirilen duşuşykda iki dostlukly döwletiň nebitgaz senagatynda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalar boldy.

Birleşen Arap Emirlikleri tebigy gazy gazyp almakda, gaýtadan işlemekde, ibermekde köpýyllyk tejribäniň eýesi bolan ýurtdur. Bu dostlukly döwlet bilen Türkmenistanyň energetika pudagynda hyzmatdaşlygy öz gözbaşyny 2000-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol döwürden başlap, ýurdumyzyň çäginde, has takygy, Hazar deňziniň kenarýaka zolagyndaky «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyk esasynda dostlukly ýurduň «Dragon Oil» kompaniýasy işe başlapdy. Kompaniýanyň esasy iş ugry agzalan çäkde uglewodorod önümlerini gazyp almakdan ybarat bolupdy. Duşuşykda taraplar: «Türkmennebit» döwlet konserni we «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd» kompaniýasy Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň güýjüni 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda şertnama gol çekdiler. Munuň özi döwletimiziň dünýäniň, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady bähbitlerini, halklaryň abadançylygyny nazarlaýan energetika syýasatynyň täze üstünliklere eýe bolýandygynyň güwäsidir.

Palwan ANNALYÝEW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.