2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynda many-mazmuny, giň gerimli özgertmeleri hem-de halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen beýik başlangyçlary bilen şöhratly ýyllaryň biri hökmünde jemlendi. Bu şanly ýyly üstünlikli jemläp, türkmen halky uly ruhubelentlik bilen täze — 2026-njy ýyly garşy aldy.
2026-njy ýyl Gündogar müçenamasy boýunça bedew ýyly bolup, ýylyň şygary halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly arzuw-dilegleriniň, belent maksatlarynyň nyşanydyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze ýylyň dabaralary ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazanylan üstünlikler bilen has-da baýlaşýar.
Geçen 2025-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren döwletli başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar ähli ugurlar boýunça oňyn netijeleri berdi. Şolaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylan iri taslamalar aýratyn orun eýeleýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde täze gämi duralgasynyň işe girizilmegi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň çäginde Serhetabat — Hyrat ugrunda gurluşyk işleriniň badalga almagy ýurdumyzyň energetika syýasatynyň yzygiderli we netijeli alnyp barylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Toý-dabaralaryň giňden ýaýbaňlandyrylan günlerinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli düzümlerinde alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde täze gaz akymlarynyň alynmagy pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezdi. "Galkynyş" gaz käninde burawlanan täze ulanyş guýularyndan senagat taýdan uly möçberde tebigy gazyň alynmagy ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerine baýdygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Şeýle hem Merkezi Garagum gaz känler toplumynda ýerleşýän "Toparjulba" gaz käninde alnyp barylan işler netijesinde täze gaz akymlarynyň alynmagy Täze ýyl baýramy mynasybetli zähmet sowgady hökmünde kabul edildi. Bu üstünlikler pudagyň ylmy esasda ösdürilýändigini, häzirki zaman tehnologiýalarynyň we sanly çözgütleriň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
2025-nji ýylda nebitgaz infrastrukturasynyň iri desgalarynyň ulanyşa berilmegi Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltdi we sebitde energetika hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrdy. «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi dünýäniň onlarça ýurdundan wekilleri bir ýere jemläp, maýa goýumlar, innowasiýalar we energetika geçişi boýunça möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna giň ýol açdy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary zähmet görkezijileri bilen jemledi. Hasabat döwründe 4 million 506 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenilip, meýilnama 106,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin, dizel ýangyjy, kerosin, polipropilen, suwuklandyrylan gaz we beýleki önümler içerki we daşarky bazarlara iberildi.
2025-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş ýolunda nobatdaky şanly sahypa boldy. Gazanylan üstünlikler, amala aşyrylan taslamalar we halkyň ruhubelentligi 2026-njy ýylyň täze ösüşleriň, täze ýeňişleriň ýyly boljakdygyna berk ynam döredýär. Täze ýyl täze maksatlar, täze sepgitler we bedew batly ösüşler bilen başlasyn!
Döwlet Ataýew,
«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalynyň redaksiýasynyň sanly habarlar bölüminiň IT hünärmeni.







