Ýurdumyzda nebitgaz pudagyna innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de ylmyň täze gazananlaryny peýdalanmak bilen, uglewodorod baýlyklaryny has-da netijeli özleşdirmek wajyp wezipeleriň hatarynda durýar.
Ýangyç-energetika pudagynyň hünärmenleri döwrüň talaplaryndan ugur alyp, önümçiligiň ähli ugurlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeldýärler. Degişli düzümler tarapyndan önümçilige we hyzmatlara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşygy gowulandyrmak, elektron maglumat beriş ulgamyny ýola goýmak boýunça täzeçil çemeleşmeler ulanylýar.
Döwür bilen aýakdaş gitmek öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Şonuň esasynda nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy önümçilik görkezijileriniň ep-esli artdyrylmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, maglumat geçiriş ulgamyny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, emeli aň we sanly innowasiýalar ulgamyna maýa goýumlary çekmek we beýlekiler resminamada kesgitlenen esasy wezipelerdir.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







