Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmeklige, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär.
Tehnologiýalar dünýäsinde ylmyň soňky gazananlary adamyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirmekde täze mümkinçilikleri açýar. Diýarymyzda sanly tehnologiýalara artýan islegi kanagatlandyrmak üçin elektron senagat döredildi. Ýola goýlan elektron önümçiligi barha giňeldilýär. Şu günki günde kompýuter tehnologiýalary, telefonlar, telewizorlar öndürilýär. Sanly tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy işleriň awtomatlaşdyrylmagyna, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna getirýär. Şeýle-de bu ugurda täze kärhanalar we iş orunlary döredilýär. Halkara bazarlara uly depginler bilen çykylýar. Sanly ulgamyň gazananlary adamlara durmuş ýeňilliklerini döretmek bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.
Sanly ulgam şäherlerimizde we welaýatlarymyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işlerine täsir edýär. Gurulýan hojalyk we döwlet binalarynyň «akylly» tehnologiýalara esaslanmagy, maddy-enjamlaýyn taýdan doly üpjün edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de desgalarda gözegçilik, hasaba alyş, maglumatlary görmek we anyklamak işleri awtomatlaşdyrylýar.
Halkara tejribelerden görnüşi ýaly, sanly ulgamyň ähli mümkinçilikleriniň ýola goýulmagy döwlet ykdysadyýetiniň binýadyny berkider. Diýarymyz hem sanly ulgamy doly ornaşdyrmaklyga okgunly ymtylýar.
Serdar AŞYRBAÝEW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyby.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti







