Ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk, ulag, işewürlik, söwda we hyzmatlar ýaly ugurlarda netijeli peýdalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy sanly ulgamyň gazananlaryny ulanmak ugrunda toplumlaýyn işleriň dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzda sanly infrastrukturany ösdürmek, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr.
Ykdysadyýetiň pudaklarynyň durnukly ösüşine we durmuş ulgamlarynyň kämilleşmegine ýardam edýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ykdysady we önümçilik işiniň esasy görnüşlerini awtomatlaşdyrmaga, merkezleşdirilen dolandyryş işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.







