Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni ýylyň-ýylyna döwlet derejesinde uludan toýlanylýar. Geçen ýekşenbede nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy giň gerimde guraldy. Baýramçylyk güni geçirilen dabaraly maslahat nebitgaz toplumynyň pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän önümçilikleriň öňdebaryjylaryny, halypa işgärleri, ýaş hünärmenleri bir ýere jemledi. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.
Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz toplumynyň işgärlerine iberen Gutlagyny okamagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagy hemmeler tarapyndan uly ruhubelentlik duýgusy bilen diňlenildi.
Dabaranyň dowamynda toplumyň pudaklarynyň nusgalyk zähmeti bilen tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Mämmet Mämmedow.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti







