Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Daşky gurşawy goramak - durnukly ösüşiň möhüm şerti
20.10.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, gözelliklerini gorap saklamak, daşky gurşawy goramak hem-de ekologik ugruň esasynda ösüşe gönükdirilen ykdysadyýeti döretmek boýunça möhüm ädimler ädilýär.

Häzirki döwürde «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerine laýyklykda gurulýan senagat kärhanalary we durmuş maksatly desgalar häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Arkadag şäheriniň gurluşygy diňe bir durmuş-ykdysady ulgamyň kämilleşdirilmegini göz öňünde tutman, eýsem, daşky gurşawy goramakda innowasion çemeleşmeleriň aýdyň nusgasy bolup çykyş edýär. Bu sebitde ilkinji bolup döredilen «akylly» şäher ekologik talaplara doly laýyk gelmek bilen, daşky gurşaw bilen sazlaşyklylykda hereket edýär.

Ilatyň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak hem durnukly ösüşiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bag ekmek dabaralarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegi hem-de daşky gurşawy goramak maksady bilen geçirilýän ýowarlar bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr.

Bu çäreleriň birnäçesine hormatly Prezidentimiziň hem gatnaşmagy, döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawy goramak meselesine aýratyn üns berýändiginiň subutnamasydyr. Uly tokaý zolaklaryny döretmek, çölleşmä garşy göreşmek we biologik köpdürlüligi saklamak ýaly meseleler bag nahallaryny oturtmak we olara ideg etmek arkaly üstünlikli çözülýär. Şeýle-de, Garagum sährasynda döredilen «Altyn asyr» Türkmen köli öri meýdanlarynyň rejeli peýdalanylmagyna we tutuş sebitde ekologik ýagdaýyň gowulaşmagyna oňyn täsir etdi.

Durdymämmet Kiçikow,

"Türkmennebit" döwlet konserniniň Edara ediş we hojalyk işleri bölüminiň esasy hünärmeni