
Hormatly Prezidentimiziň öňden görüjilikli we beýik maksada gönükdirilen syýasaty netijesinde ýurdumyzda ykdysady özgertmeler, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň ýola goýulmagy, täze zawodlaryň, toplumlaryň, gaz geçirijileriniň we kompressor stansiýalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýaly möhüm işler üstünlikli amala aşyryldy.
Şol özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan diňe bir içerki bazary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bazarlarynda uly möçberli we durnukly üpjünçilik bilen çykyş edýän kuwwatly energetika döwletine öwrüldi. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşinde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir ykdysady girdejini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, täze tehnologiýalaryň, halkara tejribäniň we bilim alyş-çalşynyň giňelmegine hem mümkinçilik berdi.
Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm taraplarynyň biri hem hünärmenleri taýýarlamak we bilim alyş-çalşydyr. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ýörite okuw merkezlerinde daşary ýurtly mugallymlaryň gatnaşmagynda okuwlar geçirilýär, talyplar we inženerler daşary ýurtlarda tejribe geçýärler. Bu bolsa nebitgaz pudagynyň hünärmenlerine halkara derejeli bilim we başarnyklary ele almagyna mümkinçilik berýär.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti