
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary — ählumumy abadançylygyň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda wise-premýer Batyr Amanow, Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew dagynyň çykyşlary diňlenildi.
Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä giňişliginde öňe sürýän başlangyçlary, edýän tagallalary hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmatlyklaryna esaslanýar. Oňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyryp, BMGniň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çykyşyndan hem göz ýetirmek bolýar.
Umumadamzat bähbitli maksatlara ýetmek üçin ýurtlaryň arasynda parahatçylygy, halklaryň arasynda ynanyşmagy gazanmak möhümdir. Parahatçylygy, hoşniýetliligi, ynanyşmagy pugtalandyrmak durnukly ösüşi gazanmakda esas bolup hyzmat edýär. Döwletimiziň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty hem hut şu gymmatlyklardan ugur alýar. Çünki türkmen Bitaraplygy halkymyzyň deň hukuklylyk, özara hormat goýmak ýaly asylly ýörelgelerini özünde jemleýär.
Maslahatda hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyndaky taryhy çykyşynyň, Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň nebitgaz toplumynda giňden goldanylýandygy, BMG-niň belent münberinden öňe sürlen başlangyçlaryň, teklipleriň hersiniň umumadamzat ähmiýetlidigi, olaryň şu günüň we geljegiň derwaýys wezipelerini göz öňünde tutýandygy nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz» DK-nyň Medeni işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary ýaňlandy. Joşgunly ýaňlanan aýdym sazlarda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, ata Watanymyzyň waspy ýetirildi. Maslahatyň ahyrynda nebitgaz toplumynyň zähmet köpçüliginiň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti