Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan nebit-gaz pudagynyň giň gerimli ösüşi üçin uly şertler döredilýär
07.10.2025

Halk bilen geňeşmek — döwletliligiň binýady. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 19 njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň milli demokratik däpleriniň häzirki zaman tejribeleri bilen baýlaşdyrylýanlygyna şaýatlyk edýär.

Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli soraglary halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplanan milli tejribämizden ugur alnyp, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi hasda berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran möhüm meseleleri maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemek babatda döwletli başlangyçlar we çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy ähmiýetli çykyşynda: «Biz nebitgaz pudagyny giň gerim bilen ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we eksport etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar» diýip bellemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biriniň okgunly ösüşine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy, «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi uglewodorod serişdeleriniň eksport möçberini artdyrmaga we olary ygtybarly ibermäge mümkinçilik berýär.

 

Çeşme: “Nebit-Gaz” gazeti