
— Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda döwletimiziň içeri we daşary syýasaty bilen baglylykda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça anyk tekliplere garaldy.
Biz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlaryny uly üns bilen diňledik.
Durmuş ulgamy Halk Maslahatynyň hemişelik üns merkezinde durýar, bu meselä aýratyn ähmiýet berilýär, sebäbi hut durmuş ulgamy adamlaryň rowaçlygyny we abadançylygyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň, ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, halkara hyzmatdaşlygynyň we durmuş kepillikleriniň ilatyň abadançylygyna ýardam edýän esasy ýagdaýlar bolup durýandygy bolsa mese-mälimdir.
Dürli ugurlarda geçirilýän özgertmeler syýasatynyň ilatymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi diýseň guwandyrýar we buýsandyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda teklip edilen hem-de kabul edilen resminamalaryň bagtyýar halkymyzyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Italmaz ITALMAZOW, «Türkmennebit» DK-nyň Işgärler we hukuk müdirliginiň başlygy
Çeşme: "Nebit-Gaz" gazeti