
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow 25-nji sentýabrda hökümet mejlisinde gözegçilik edýän toplumy, hususan-da, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda korporasiýa tarapyndan ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uglewodorod serişdeleriniň ýerasty gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak işleri alnyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde, gözleg-barlag guýularyny burawlamakda döwrebap tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz nebitiň we tebigy gazyň gözlegi boýunça geologiýa işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti