
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Tebigy gazyň we nebitiň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan dünýä ýurtlary üçin özüne çekiji hyzmatdaş bolup durýar. Ulag infrastrukturasynyň ösdürilmegi, täze söwda ugurlarynyň döredilmegi, maýa goýum taslamalary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edip, ýurtlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy halkara we sebit syýasatynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany üçünji gezek biragyzdan kabul etdi. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ajaýyp üstünligidir. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Kararnamalaryň onlarçasynyň kabul edilmegi dünýä halklarynyň Watanymyza bolan beýik ynamynyň aýdyň görkezijisidir. Her biri dünýäniň parahatçylygy üçin ädilen uly bir ädim hökmünde taryha giren şol başlangyçlar, Kararnamalar Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde asudalygyň berkarar edilmegine gönükdirilendir.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanýan döwletimiziň agzybirligiň, parahatçylygyň nusgasyny dünýä ýaýyp gelmegi, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň giňden dabaralanýandygyny görkezýär.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti