Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň gazçylary täze zähmet üstünliklerini gazandylar
24.09.2025

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary ýurdumyzyň sebitlerindäki gäz känleriniň ulanyş guýularynda burawlaýyş işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Gazçylar döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygynyň giňden toýlanylýan günlerinde ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar.

Olar Merkezi Garagumgaz känleri toplumyndaky Atabaý gaz kondensat käniniň 241-nji ulanyş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar.

Buraw ussalary Şatlyk Kakajanowyň hem-de Mährap Kazakowyň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar topary guýuda burawlaýyş işlerini bir müň iki ýüz metr çuňlukda ýerine ýetirdiler. Ulanyş gaz guýusyndan 1 müň 104—1 müň 101 metr aralyklardaky önümli gatlakda geçirilen işleriň netijesinde «mawy ýangyç» alyndy.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije gündizde 215,9 müň kub metr tebigy gaz berýär. Guýudan alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz arassa bolmagy önümiň esasy aýratynlygydyr.

«Türkmen gaz burawlaýyş» müdirliginiň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny sowgatly garşylamak üçin zähmet gadamlaryny has-da batlandyrýarlar. Burawlaýjylar häzirki toýly günlerde gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy, 231-nji, 253-nji, 260 njy, 261-nji, 263-nji, 266-njy, 283-nji ulanyş gaz guýularynda-da buraw işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW

 

Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti