
Türkmenistanyň nebitgaz pudagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we onuň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän nebitgaz syýasaty ýangyç energetika toplumyny ösdürmäge, ýurdumyzy dünýäniň energetika ulgamyna birleşdirmäge gönükdirilendir. Ol Türkmenistany özgertmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär.
Ýangyç-energetika toplumyny batly depginlerde ösdürmegiň, şeýle hem döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmegi ugur edinýän nebit gaz pudagynyň işgärleri ýurdumyzyň baş baýramyny—Garaşsyzlyk gününi uly zähmet üstünlikleri bilen garşylap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösdürmegiň çäklerinde uly netijeleri gazanýarlar. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, gaz pudagyny batly depginlerde ösdürýär we döwrebaplaşdyrýar. Gazyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär, bu bolsa ýurdumyzyň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny berkidýär we strategik ähmiýe tini artdyrýar. Iri halkara taslamalary amala aşyrmak döwlet energetika syýasatynyň möhüm ugrudyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi şeýle taslamalaryň biridir. Bu taslama goňşy ýurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, Günorta Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşar.
TOPH taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar we türkmen gazyny eksport etmek üçin täze amatlyklary döredýär. Ol ilatynyň umumy sany 1 milliard 750 million adama barabar bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün eder. Häzirki döwrüň bu iri taslamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanda onuň 214 kilometrlik bölegi guruldy, geçen ýylyň sentýabrynda bolsa, onuň «Arkadagyň ak ýoly bilen» diýlip atlandyrylan 153 kilometrlik Serhetabat—Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda gaz geçirijiniň Owganystanyň çäginden geçýän bölegiiň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini doly özleşdirmek energetika maksatnamasynda ýene bir ähmiýetli ädim bolup durýar, ol daşarky bazara tebigy gazyň uly möçberini ugratmaga ukyply bolup, Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrýar. Şeýle hem nebit gaz pudagynyň ekologiýa durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamalar işjeň amala aşyrylýar. Ýurdumyzda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreler görülýär, şeýle hem energiýanyň gaýtadan dkeldilýän çeşmeleri—Günweýel energetikasy ösdürilýär.
Bu başlangyçlar halkara ekologiýa ölçeglerine kybap gelýär, durnukly ösüşiilerledýär. «Türkmenistanyň nebit gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde önümçilikde innowasiýalar giňden işlenip taýýarlanylýar. Mysal üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümleriň dürli görnüşleri, şol sanda ýokary hilli awtomobil benzinleri, dizel ýangyjy, polipropilen öndürilýär. Şeýle hem energiýaserişdelerine bolan içerki islegiň kanagatlandyrylmagyna uly üns berilýär, ol ykdysadyýetiň himiýa senagaty, gurluşyk, elektroenergetika ýaly pudaklarynyň sazlaşykly ösmegi bilen baglydyr. Türkmenistan içerki islegleri kanagatlandyrmagyň, eksport ibermeleriniň arasynda deňagramlylygy tapmaga çalyşýar, munuň özi ykdysady durnuklylygy saklanmak we raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleri döredýär.
Türkmenistan nebit gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekýär. Amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredimegi we döwlet tarapyndan goldawyň berilmegi halkara derejesinde iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Ol pudagyň ösmegini şertlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrýar. Garaşsyz, hemişllik Bitarap ýurdumyzda innowasiýalary höweslendirmek, nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, daşary döwletler we halkara energetika kompanýalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek barha giň gerim alýar. Pudakda dünýä boýunça öňdebaryjylar bilen bilelikde işleriň geçirilmegi önümçilik kuwwalyklaryny gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik döredýär, bu bolsa nebitiň we gazyň has netijeli we ekologiýa taýdan howpsuz çykarylmagyna, gaýtadan işlenilmegine getirýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemaýat-goldawlaryndan ruhlanan nebit gaz pudagynyň işgärleri berkarar Watanymyzyň bähbidine buýsançly, ýadawsyz zähmet çekip, ýurdumyzy ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen strategik taslamalary amala aşyrmaga ýardam etmek bilen, milli ykdysadyýeti berkitmäge we dünýäniň energetika howpsuzlygyna mynasyp goşant goşýarlar.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory