
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Dünýä dolup bagtyýarlyk mukamy, toý toýlaýar Garaşsyzlyk mekany» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly çärede «Türkmengaz» DK-nyň baş hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Mämmedowa, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geologiýa bölüminiň ylmy işgäri Güljemal Mämmedowa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Baýramsoltan Gurbanowa, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň gidrogeology Bägül Baýramalyýewa we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halky baş baýramymyzy uly şatlyk bilen garşylaýar. Indi birnäçe günden bäri ýurdumyzyň ähli ýerinde Garaşsyzlygymyzyň toý tutumlary dowam edýär, oňa bagyşlanylyp täze binalaryň, desgalaryň açylyş dabaralary, maslahatlar, duşuşyklar, medeni, sport çäreleri geçirilýär, dürli ugurlara degişli bäsleşikler jemlenilýär. Munuň özi baýramçylygyň gerimini giňeltmek bilen, şatlykly pursatlaryny artdyrýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaklyga, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaklyga gönükdirilen ägirt uly taslamalar durmuşa geçirildi. Bu beýik işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanlylar guwandyryjy netijelerden ruhlanyp, ajaýyp şu günümize, aýdyň geljege buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar. Il agzybirligi bolsa rowaç ösüşlerimiziň depgininiň has-da ýokarlanmagyna getirýär.
Baýramçylyk dabarasynda nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň çykyşyna giň orun berildi. Konsertde türkmen halk aýdymlary, ajaýyp döwrümizi, gözel durmuşymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän şirin aýdymlar ýaňlandy.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Döwletli tutumlar bilen rowaçlanýan baky Bitarap, Garaşsyz Türkmenistan» atly «tegelek stol» söhbetdeşligi geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň işgärleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan geçirilen «tegelek stolda» Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk, onuň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkynyň ykbalyna oňyn täsiri, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara möçberinde uly goldawdan peýdalanyşy barada gürrüňdeşlik boldy.
Döwran Mämmedow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.