
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär. Ine, şeýle ýagdaýda «ýaşyl» energiýa, ýagny tebigy çeşmelerden alynýan täzelenýän energiýa öňe çykýar.
Men «ýaşyl» energiýa düşünjesi bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolanymda, bu düşünjäniň diňe bir ylmy taýdan däl, eýsem, adam durmuşynyň ähli ugurlaryna täsir edýän, jemgyýetde giňden ornaşdyrylmagy zerur bolan möhüm çözgütdigine göz ýetirdim. Bu düşünje bilen bagly ýagdaýy diňe kitaplardan ýa-da habarlardan däl, eýsem, öz durmuşymda-da başdan geçirdim. Bir döwürde ýaşap oturan etrapçamyzyň elektrik üpjünçiliginde kynçylyklar ýüze çykanda, internet arkaly Gün energiýasy bilen işleýän kiçi enjamlary gözläp başladym. Ilki bir kiçi Gün panelini satyn alyp synap gördüm. Günüň dowamynda bu enjam agşam ýagtylyk berip başlady. Elektrik bolmadyk gijede şol ýagtylyk meni örän täsirlendirdi. Şonda «ýaşyl» energiýanyň hakyky güýjüni duýdum. Bu kiçi enjam durmuşymda uly öwrüliş boldy. Men «ýaşyl» energiýanyň diňe bir tehniki çözgüt däl, eýsem, garaşsyzlygyň, döredijiligiň, we geljege bolan ynamyň nyşanydygyna düşündim. Bu tejribämden ruhlanyp, dostlarym bilen bilelikde «ýaşyl» energiýa bilen baglanyşykly wagyz işlerini guramaga başladyk. Mekdeplerde, ýaşlar merkezlerinde şeýle energiýanyň peýdasy, onuň üsti bilen daşky gurşawy goramak barada gürrüň etdik. Okuwçylara Gün panelleriniň we ýel enjamlarynyň nädip işleýändigi, olaryň energiýa tygşytlamakdaky orny, şeýle-de geljekde «ýaşyl» iş orunlarynyň artjakdygy barada düşündiriş berdik. Şol sapaklaryň birinde bir okuwçy maňa şeýle sowal berdi: «Biz Günüň güýjünden peýdalansak, tebigata zeper ýetmezmi?» Bu sowal meni ruhlandyrdy. Bu sowal arkaly men olaryň hem tebigata jogapkärçilikli garaýandygyna düşündim. Şol pursat men «ýaşyl» energiýanyň diňe bir ylmy däl-de, medeni we ruhy taýdan hem ähmiýetlidigine göz ýetirdim.
Türkmenistan giň düzlükleri, güneşli howasy we ýelli ýerleri bilen «ýaşyl» energiýa üçin örän amatly ýurt. Balkan welaýatynda gurulýan Gün elektrik stansiýasy bu ugurda möhüm ädimleriň biridir. Şeýle taslamalaryň dowam etdirilmegi bilen ýurdumyz diňe bir energetika taýdan däl, eýsem, ekologik taýdan hem durnukly ösüş ýolunda ynamly öňe barar. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynda «ýaşyl» energiýanyň giňden ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Gün şöhlesinden, şemalyň güýjünden peýdalanmak — bular diňe bir energiýa däl, eýsem, tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyşdyr. Men «ýaşyl» energiýa arkaly döredijilikli pikirlenmegi, özbaşdak çözgüt tapmagy we geljege bolan ynamy gazandym. Şeýlelikde, «ýaşyl» energiýa — bu diňe bir tehniki mümkinçilik däl. Ol ekologik durnuklylyk, ykdysady tygşytlylyk, hem-de ruhy taýdan arassa ýaşaýşyň nyşanydyr. Her gün penjireden içeri girýän güneş şöhlesi maňa diňe ýylylyk däl, eýsem, geljegimiziň nähili ýagty boljakdygy barada-da umyt berýär. «Ýaşyl» energiýa ýagty geljegiň ýoludyr.
Ýurdumyzda Gün, ýel we beýleki täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça alnyp barylýan işler «ýaşyl» energetikanyň ösüşinde möhüm ädimdir. Arkadag şäheri ýaly nusgalyk taslamalaryň «ýaşyl» tehnologiýalar esasynda gurulmagy bolsa, ýurdumyzyň «ýaşyl» geljege ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygyndaky halkara başlangyçlara işjeň gatnaşmagy, şeýle hem «ýaşyl energetika» we «klimat taýdan durnukly ösüş» ýaly global meselelerde öňdebaryjy orny eýelemegi, ýurdumyzyň bu ugurdaky tagallalarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Çeşme: "Türkmenistanyň nebiti we gazy" elektron gazeti