Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ýur­du­myz­da­ iri ­se­na­gat­­ des­gas­y­ gur­lar­
02.05.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň maksatnamasy baý mazmuny bilen tapawutlandy. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze tapgyr bolan bu saparyň çäklerinde netijeli duşuşyklaryň birnäçesi geçirilip, möhüm resminamalara gol çekildi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «ITOCHU Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň taslamasyny düzmek, üpjün etmek we doly gurup tabşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga hem gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Daniýa Patyşalygynyň «Haldor Topsoe» tehnologiýasy esasynda taslamalaşdyrylan dünýäde ilkinji tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawod 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda ulanmaga berlipdi. Bu zawod her ýylda «mawy ýangyjy» gaýtadan işläp, ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ECO — 93 benzininiň 600 müň tonnasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny, arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Ýusupberdi AŞYROW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti