Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
San­ly­ yk­dy­sa­dy­ýet ­giň­ müm­kin­çi­lik­le­ri ­dö­red­ýär
02.05.2025

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan ykdysady gatnaşyklar kämilleşdirilýär. Sanly ykdysadyýet sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary bazara çalt çykarmak we islendik ýerde ýerleşýän sarp edijilere elýeterli ýetirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda ähli pudaklary sanlylaşdyrmak, bu ugurda ökde hünärmenleri taýýarlamak çäreleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň şäherlerinde, welaýatlarynda, etraplarynda, obalarynda hereket edýän edaralar, önümçilik, hyzmat ediş we beýleki maksatly kärhanalarda sanly, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ulgamlaryň işiniň çalt we amatly alnyp barylmagyna ýardam edýär. Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň sanly ulgam bilen üpjünçiligi netijesinde durmuşyň hiliniň ýokarlanandygy aýdyň duýulýar. Umuman, häzirki döwürde dowamly ösüşi gazanmak üçin pudaklaryň işiniň yzygider ýagdaýda döwrebaplaşdyrylyp durulmagy zerurdyr.

Soňky ýyllarda sanly ulgamyň täsiri astynda bazar gatnaşyklarynyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandy, täze iş orunlary döredildi. Sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, özgertmek we badyny ýokary depginde saklamak üçin döwrebap kompýuter tehnologiýalarynyň we maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy wajypdyr. Döwletimizde tehnikanyň soňky gazanan tejribelerini peýdalanyp, kompýuterleri, telewizorlary öndürýän kärhananyň döredilmegi we öz wezipesini netijeli ýerine ýetirmegi hemmetaraplaýyn ösüşiň bardygyny görkezýär. Şeýle hem mikroelektronika, tor, aragatnaşyk tehnologiýalarynyň önümçiligi ugrunda möhüm çäreler geçirilýär.

Sanly ulgama geçilmegi ýurdumyzyň pudaklarynyň mümkinçiliklerini giňeltdi, giň gerimli maksatlara ýetmäge gönüden-göni ýardam etdi.

Jeren GURDOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

HNGU-nyň mugallymy.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti