
Men başga durmuşy islemeýärin, meni adam hataryna goşan zawod durmuşymy hiç bir zada çalyşmaryn.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ykdysadyýetini durnukly ýagdaýda ösdürmek üçin nebitgaz pudagynyň wajyplygy barada birnäçe gezek belläp geçdi. Özüniň eserlerinde we çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyz “nebit-himiýa pudagynyň şu günki gazananlary – geljekki gülläp ösüş üçin berk binýat döreden pederlerimiziň zähmetidir”.
Hakykatdan hem, Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň taryhy – bu pudagyň ösüşine özüniň durmuşyny bagyş eden müňlerçe adamlaryň zähmet edermenlikleriniň, gaýduwsyzlyklarynyň we ýokary hünäriniň taryhydyr. Ozalky çap eden makalalarymyzda biz ýurduň nebiti gazyp almak we nebiti gaýtadan işlemek pudaklarynyň kemala gelmegi we ösüşi barada gürrüň berdik. Her bir buraw desgasy, barlaghana, stansiýa we zawod özüniň zähmeti bilen ykdysady ösüşi üpjün eden adamlaryň, ýagny işçileriň, inženerleriň, operatorlaryň, seh başlyklarynyň we direktorlarynyň ykballary bilen berk baglanyşyklydyr. Olaryň tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň nebit-himiýa senagaty ýokary üstünliklere ýetdi. Munuň özi ýurduň sebitde öňdebaryjy energetika merkezleriniň biri hökmündäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi.
Şu günki gün nebiti gaýtadan işleýän hünärmenler pudagyň ösüşine möhüm goşant goşan adamlary uly buýsanç bilen ýatlap, ýaşlaryň öňünde olary mysal hökmünde getirýärler. Şeýle tanymal adamlaryň biri Aşyr Aşyrow Hallyýewiç bolupdyr. Onuň zähmet ýoly öz işine bolan wepalylygyň, ýokary hünärliligiň we watansöýüjiligiň nyşanydyr.
Çagalygy we ýetginjekligi
Aşyr Aşyrow 1923-nji ýylyň 30-njy martynda deňziň golaýyndaky kiçiräk Çeleken (häzirki Hazar ş.) şäherinde eneden doguldy. Onuň kakasy Hally aga balykçylyk kärhanasynda agaç ussasy bolup işleýärdi. 1932-nji ýylda maşgala Krasnowodsk şäherine göçüp, ol ýerde ýedi ýaşly Aşyr Magtymguly adyndaky 2-nji orta mekdebe gatnap başlady.
Oglanjyk kiçiliginden tutanýerlilik, yhlas we bilime bolan höwesi bilen tapawutlanýardy. Ol bilim almak isleýärdi, emma 1940-njy ýylda sekiz synpy tamamlap, maşgalasyna kömek etmek üçin işlemäge mejbur boldy.
Uruş ýyllary: agyr synaglar we edermenlik
1940-njy ýylda 17 ýaşly Aşyr Çelekendäki “Türkmennebit” birleşiginiň kärhanasyna işe durdy. Emma başlan uruşuň netijesinde parahatçylykly meýilleri başa barmady. 1942-nji ýylda ol goşuna çagyryldy. Ol Orjonikidze şäheriniň pyýada goşun mekdebinde harby taýýarlygy geçip, soňra urşa ugradyldy. Aşyr Aşyrowyň uruş ýoly synaglardan doly ýoldyr. Beýik Watançylyk urşuň gazaply söweşlerinde ol iki gezek ýaralandy, emma her gezek yzyna dolanyp bardy.
Görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin ol ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldy:
“Edermenligi üçin” medaly – şahsy edermenlik üçin berilýän ilkinji sylaglaryň biri.
“Söweşjeň hyzmatlary üçin” medaly.
“Stalingradyň goranyşy üçin” medaly – urşuň iň möhüm söweşleriniň birine gatnaşandygy üçin.
“1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda Germaniýa garşy söweşip, ýeňiş gazanandygy üçin” medaly.
1947-nji ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli Aşyrow goşundan boşadyldy. Öýüne dolanyp, ol uruşdan soňky weýrançylyk bilen ýüz-ýüzbe boldy. Emma beýleki müňlerçe urşa gatnaşanlar ýaly, ol ähli gujur-gaýraty bilen ýurdy dikeltmäge başlady.
Zähmet ýoly we nebiti gaýtadan işleýän pudaga goşandy 1949-njy ýylda Aşyrow Krasnowodskiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (häzirki Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy) işläp başlady. Zawod nebiti benzine we nebit-himiýa üçin çig-mala gaýtadan işläp, ýurdy ýangyç bilen üpjün etmekde möhüm orun tutdy.
Tebigy düşbülige we zähmetsöýerlige eýe bolan Aşyr tiz wagtda operator kärini özleşdirdi. Ol diňe bir öz gezegindäki ýumuşlary bökdençsiz ýerine ýetirmän, eýsem yzygiderli bellenilen möçberi artygy bilen ýerine ýetirýärdi.
1952-nji ýylda ol uly operator wezipesine bellendi.
1959-njy ýylda ol tehnologik desgasynyň operatory boldy.
Onuň ýolbaşçylygyndaky çalyşýan topar toprlaýyn sosialistik borçnamalary we ýedilenji ýedi ýyllygyň meýilnamalaýyn ýumuşlaryny (1959-1965 ýý.) ýerine ýetirip, nebiti gaýtadan işleýän pudayň umumy döwlet meýilnamasyny ýerine ýetirmäge möhüm goşant goşdy.
Zähmetde gazanan üstünlikleri üçin 1966-njy ýylyň 28-nji maýynda Aşyr Aşyrow Hallyýewiçe Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýlen at dakylyp, Lenin ordeni we “Orak we çekiç” altyn medaly gowşuryldy.
Liderlik we halypaçylyk Ýokary sylag bilen sylaglanyndan soňra, Aşyrow gazanan sepgidinde durmady. Onuň ýolbaşçylygynda çalyşýan topar ýokary netijeleri görkezmegi dowam etdi.
Dokuzynjy bäş ýyllykda (1971-1975 ýý.) ol nebiti gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine goşan goşandy üçin “Hormat nyşany” bilen sylaglandy. Ol iki gezek Türkmenistanyň kommunistik partiýasynyň XVIII we XIX gurultaýyna wekil hökmünde saýlandy.
1944-nji ýyldan bäri Sowet Soýuzyň Kommunistik partiýasynyň/Ählisoýuz kommunistik partiýasynyň agzasy.
“SSSR-iň hormatly nebit-himiýa işgäri” diýen ada mynasyp boldy. Onuň esasy gazanan üstünligi bolsa, nebit-himiýa işgärleriniň täze nesliniň kemala gelmegi boldy. Ol diňe bir tejribesini paýlaşman, eýsem ýaşlarda zähmet terbiýäni, kärine bolan söýgini, alynjak netije üçin jogapkärçilik duýgysyny terbiýeleýärdi.
Mirasy we hatyrasy
Türkmenistanyň garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra, Aşyr Aşyrowyň zähmet edermenligi baradaky hatyrasy ebedileşdirildi. Türkmenbaşyda Aşyrowyň ýaşan köçesine onuň ady dakyldy.
Onuň durmuşy hakyky gahrymançylygyň, zähmetsöýerligiň we öz işine bolan wepalylygyň mysalydyr. Ol ýönekeý işçiden Sosialistik Zähmetiň Gahrymanyna çenli ýoly geçip, Türkmenistanyň nebit-himiýa senagatynyň meşhur gahrymanyna öwrüldi. Şu gün onuň ady ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde özüniň bahasyna ýetip bolmajak goşandyny goşan tanymal işgärleriň arasynda mynasyp orun eýeleýär.
Bu makala taýýarlanylanda, men birnäçe gezek Türkmenbaşy şäherine barmaly boldum. Her gezek Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baramda, maňa resminamalary, foto suratlary görkezýärdiler. Iň esasysy bolsa, men hekaýamyzyň gahrymany Aşyr Aşyrow barada mähir bilen gürrüň beren adamlar bilen söhbetdeş bolýardym.
Türkmenbaşy şäheriniň Medeniýet we sport merkezinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň taryhynyň muzeýi gurnalan. Ozalky makalalarymyzda biz şäheriň, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň taryhy we bu deňizýaka şäheriniň ýaşaýjylary barada beýan edýän ajaýyp eksponatlar barada gürrüň berdik. Şeýlelikde, bu muzeýde ýarym asyr mundan ozalky foto suratlary aýawly saklanylýar.
Foto suratçynyň Aşyr Hallyýewiçiň zawodyň beýleki işgärleri bilen önümçilik işi bilen meşgullanyp duran pursatlary bu gara-ak biraz solagan suratlarda beýan edilen.
Foto kagyzyň arka tarapynda belli bolmadyk awtoryň (ýa-da foto suratçynyň) düşnükli haty bilen bellikler edilipdir. Onda gahrymanymyzyň eden hereketleri barada gürrüň berilýär. Bu zähmeti we elli ýyl mundan ozal foto suratçynyň düşüren suratyny aýratyn bellemek üçin, men makalany gurluşynyň adaty formatyndan aýrylyp, arka tarapyndaky ýazgylary bilen bilelikde bu foto suratlary ýerleşdirmegi makul bildim.
Foto suratlaryň birinde Aşyr Hallyýewiçiň bugyň çykýan turbanyň wentiline seredip duran pursady bar, belli bolmadyk foto suratçy bolsa şeýle ýazgy goýdy: “Bugyň syzmagy! Derrew aradan aýyrmaly!”
Beýleki bir suratda: “Uly mehanik Wladimir Iwanowiç Seleznýow Aşyrow bilen bilelikde sorujyny synlaýarlar. Sorujynyň sowadyjysynyň ýoklugyny bilip, muny derrew aradan aýyrmaly boldylar”.
Bu suratlara syn edip, zawodlaryň uly sehleri göz öňüňe gelýär. Motorlaryň sesi, bug gazanlaryň, sorujylaryň we turbalaryň galmagaly, otlylaryň tigirleriniň tarkyldysy we signal sesleri ýaňlanyp duran döwürlere aralaşmak bilen, uly operator Aşyrowyň leksikasy suratlaryň arkasynda awtor tarapyndan edilen ýazgylarynda beýan edilşinden hem has duýgur bolandygy barada oýlanýarsyň.
Bu “taryhy hakykaty” anyklamak üçin, Aşyr Hallyýewiçiň dost-ýarlary we kiçi gyzy bilen söhbetdeşlikde men Aşyr aganyň önümçilikde resmi däl ýagdaýlarda, ýa-da öýde bir zada gahary gelip duran wagty söwünip-söwünmedigini soradym. Ähli söhbetdeşlerim Aşyr Hallyýewiçiň hiç haçan paýyş sözleri diýmän, islendik bir ýagdaýda özüni mynasyp we medeniýetli alyp barandygyny aýdanlarynda, men uly şatlyk bilen “gynandym”.
Çagalygynda we ýetginjek döwürlerinde, urşuň agyr ýyllarynda, uruşdan soňky döwürdäki dikeldiş ýyllarynda we häzirki wagta çenli başdan geçiren kynçylyklaryna garamazdan, Aşyr Hallyýewiç hemişe Adam bolmagynda galýardy.
Netije
Biziň günlerimizde Türkmenistanyň nebitgaz pudagy ynamly ösmegi dowam edip, döwlet Baştutany tarapyndan öňde goýlan strategiki wezipeleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşlarynda “ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi – ýurduň ykdysady ösüşiniň we abadançylygynyň möhüm faktorydygyny” belleýär. Bu strategiýa eýerip, Türkmenistan nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň kuwwatlyklaryny ösdürýär, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryp, dünýäniň energetika bazarynydaky orunlaryny berkitýär.
Aşyr Aşyrowyň zähmet ýoly – bu gaýduwsyz zähmetiň we ýokary hünär taýýarlygyň geljekki özgerişleriň esasyny düzýändigi baradaky aýdyň mysaldyr. Şeýle görnükli adamlar baradaky hatyra özünden ozalkylaryň däplerine eýermek bilen, ýurduň gülläp ösüşine goşant goşmagy dowam edýän nebiti gaýtadan işleýän hünärmenler üçin ylham çeşmesidir.
Çeşme: orient.tm