Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Gyz edebi — il edebi
26.03.2025

Halkymyzyň özüne mahsus gylyk-häsiýetleri juda kän. Olaryň haýsysyny alanyňda-da, edep-terbiýä çagyrýar. Türkmen maşgalasynda zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Göwün hoşy hasaplanýan gyz perzent maşgalanyň mertebesine deňelýär. Kämil nesil terbiýeläp ýetişdirmegi ähli döwürlerde-de ömrüniň manysyna deňeýän ene-mamalarymyz gyz çaganyň terbiýesine örän inçelik bilen çemeleşipdirler hem-de asyrlaryň dowamynda gyzlary terbiýelemek, olara hünär öwretmek bilen bagly milli ýol-ýörelgeleri, edep kadalaryny döredipdirler.

«Gyz edebi — il edebi» diýen pähim bar. Bu nakylyň manysy gyzyň edebiniň tutuş halkyň, iliň edebi bolup ýüze çykýandygyny aňladýar. Şonuň netijesinde hem türkmen maşgalasynda onuň edep-terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Maşgalada  gyzlaryň edep-terbiýesinde enäniň görüm-göreldesiniň, öwüt-nesihatlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti has uludyr. Eneler her bir meselede gyzlary üçin görelde mekdebidir. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserini okanymyzda ýene-de bir gezek göz ýetirýäris.

Gyz terbiýesi bilen baglanyşykly halkymyzyň gadymy döwürden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgeleri has-da kämilleşdirilip, häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Bu işde hünär okuw mekdebimiziň ilkinji zenanlar guramasy, ilkinji ýaşlar guramasy, şeýle hem zenan mugallymlarymyz yhlaslaryny gaýgyranoklar. Talyp gyzlaryň, ýaş zenan mugallymlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini, edep-terbiýe bilen baglanyşykly gürrüňdeşlikleri geçirip durýarlar. Munuň özi olarda türkmen gelin-gyzlaryna mahsus iň ajaýyp gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegini gazanmaga ýardam berýär.

Zylyha TÖRÄÝEWA,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

Çeşme: «Balkan» gazeti