
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Nebitgaz, himiýa we nebithimiýa senagatlary hem-de beýleki senagat ugurlary ýokary ösüşe eýe bolýar. Şeýle ösüşleriň baş sakasynda hormatly Prezidentimiziň dünýä nusgalyk ykdysady syýasaty bar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik ykdysady özgertmeleri netijesinde Türkmenistan döwletimiziň agrar ýurt bolmagyndan ösen gaýtadan işleýän senagatly döwlete öwrülýändigi aýdyň görünýär. Ykdysady görkezijileriň barha ýokary derejelere çykmagy netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy has-da gowulanýar. Şeýle bolansoň, milli hem-de döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bir wagtda beýleki döwletler bilen ykdysady gatnaşyklar işjeň ösdürilýär.
Himiýa senagatynyň ösmeginde nebitiň we nebit önümleriniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki ol ýeňil senagatda, oba hojalygynda, elektrotehnikada we beýleki ugurlarda hem-de gündelik durmuşymyzda giňden peýdalanylýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemekde, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmakda we olaryň görnüşlerini köpeltmekde uly üstünlikler gazanylýar. Bu ýerde nebithimiýa önümleriniň onlarça görnüşi öndürilýär.
Goý, uly geljegi nazarlaýan nebitgaz ulgamyny ösdürmekde, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Güljemile ORAZOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň önümçilik hünär okuwynyň ussasy.
Çeşme: «Balkan» gazeti