Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ýaşlara ak ýol arzuw edildi
24.03.2025

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşi bilen bilelikde dabaraly çäre geçirildi. On alty ýaşyny dolduran ýaşlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

Ýurdumyzda hereket edýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanuna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller barada edýän aladalary olaryň göwün guşuny ganatlandyrýar. Şeýle aladalar ýaşlaryň diňe bir bilim-terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini gazanmak bilen çäklenmän, olarda ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklara, halal zähmete söýgi döretmek, ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek ýaly ugurlary hem öz içine alýar.

Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda şular hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Türkmenistanyň raýatlyk pasportyny alan ýaşlara ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize, il-günümize wepaly adamlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.

Gurbanmyrat Çüriýew,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçesiniň müdiri.

Çeşme: Türkmenmetbugat