
Ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, nebitgaz pudagynda hem uly ösüşler gazanylyp başlandy. Nebitdir gazyň ýeriň aşagyndaky täze-täze ýataklaryny gözläp tapmak we bol önüm berýän täze guýulary gazmak, öňden bar bolanlarynyň önüm berijilik ukybyny artdyrmak ýaly möhüm işlere uly serişdeler gönükdirildi. Netijede, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze-täze buraw desgalary emele geldi.
Burawlaýyş desgalarynyň birnäçesi Amyderýanyň sag kenaryndaky Gyzylgum sährasynyň giňişliklerinde hem peýda boldy. Ýerine we önüm berşine görä, ol ýerlere dürli atlar hem dakyldy. Goňşy Özbegistan bilen araçäkde ýerleşýän Ýaşyldepe meýdançasy-da şolaryň biridir. Onuň dürli ýerlerinde dikilen buraw desgalary gije-gündiziň dowamynda nebit akymynyň uly möçberini berýär. Ýaşyldepe Türkmenistanyň kartasynda täze emele gelen at, ýer bolmak bilen, bu gün ol nebitçileriň mekany hökmünde tutuş Türkmenistana belli. Bu ýerde nebitçileriň şäherjigi emele geldi. Onda ýaşaýanlar we dürli kärlerde zähmet çekýän nebitçiler ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyndaky ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Nebiti gaýtadan işlemek wezipesini bolsa Seýdidäki zawod ýerine ýetirýär. Elbetde, munuň üçin Ýaşyldepe meýdançasyndan çykarylýan nebiti ýörite turbalar arkaly 80 kilometre golaý aralyga akdyrmak gerek boldy. Has takygy, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň deňinde gurlan nebit önümlerini toplaýjy we guýujy toplum Ýaşyldepeden turbalar arkaly gelýän nebiti kabul edip, soňra ony demir ýol çelekleri arkaly Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ugradyp durýar. Işleriň sazlaşykly guralmagy bolsa bu ulgamyň bökdençsiz işini üpjün edýär. Hut şonuň üçin-de bu ýerde aýlyk we ýyllyk tabşyryklar üstünlikli ýerine ýetirilýär. Geçen ýylda hem ýaşyldepeli nebitçiler nebitiň 260 müň tonna golaýyny öndürmegi başardylar. Munuň özi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür. Diýmek, gazylyp alynýan nebitiň mukdary ýylsaýyn artýar.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody şu ýylyň diňe ýanwar aýynyň dowamynda 30 müň tonnadan gowrak çig maly gaýtadan işledi we nebitden dürli markaly benzin, dizel ýangyjy, ýol bitumy öndürildi.
Şu günki günde Özbegistan, Gruziýa, Owganystan we Birleşen Arap Emirlikleri bu zawodyň önümlerini satyn alyjylardyr. Geljekde olaryň sany ýene-de artar. Sebäbi bu ýerde öndürilýän mazut, ýol bitumy we dizel ýangyjy ýaly önümlere isleg bildirýänler barha köpelýär.
Hudaýberen ABRAÝEW.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti