Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Ýaşyl» ykdysadyýet we durnukly ösüş mümkinçilikleri
12.03.2025

Soňky ýyllarda durnukly ösüşi we ekologik abadançylygy özünde jemleýän «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasy bütin dünýäde strategik ähmiýetli ugra öwrüldi. Bu gün daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly esasy ýörelgeler we pikirler halkara derejede berkidilendir. Bu ugurdaky anyk maksatnamalary işläp taýýarlamak hem-de olardaky wezipeleri ýerine ýetirmek bolsa milli derejede amala aşyrylýar. Ýurdumyzda hem «ýaşyl» ykdysadyýete geçişe uly ähmiýet berilýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak maksatnamasy (UNEP) tarapyndan ekologik taýdan arassa önümçiliklere maýa goýumlary gönükdirmek arkaly dünýä ykdysadyýetini çökgünlikden çykarmak maksady bilen öňe sürlendir. Şunuň bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan «Täze bütindünýä ýaşyl ylalaşyk» atly resminama bilermenleriň «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen esasy ugurlar boýunça maslahatlaryny özünde jemleýär. «Ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasy adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmagy, durmuş adalatlylygyny üpjün etmegi, şol bir wagtyň özünde-de daşky gurşaw üçin töwekgelçilikleri azaltmagy göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda «ýaşyl» ykdysadyýet strategiýasy BMG we beýleki halkara guramalar tarapyndan öňe sürlüp, şunda girdejileriň artmagy hem-de iş bilen üpjünçiligiň ýokarlanmagy döwlet hem hususy maýa goýumlaryň hasabyna amala aşyrylýar. Uglerod zyňyndylaryny, howanyň hapalanmagyny azaltmaga, energiýanyň hem-de serişdeleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, biologik köpdürlülige we ekoulgamlara zyýan ýetirilmeginiň öňüni almaga gönükdirilen maksatnamalar üçin maýa goýumlardyr harajatlar döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelerde göz öňünde tutulýar.

Daşky gurşaw üçin zyýansyz önümçiligiň we ekologik taýdan arassa işewürligiň üstünlikli ösdürilmegi, halk hojalygynyň pudaklaryna «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ahyrky netijede galyndysyz ykdysadyýete geçmegi göz öňünde tutýar. Ykdysadyýetiň galyndysyz nusgasynyň esasy aýratynlygy onuň önümçilikde we sarp edişde hiç hili galyndylaryň bolmazlyk ýörelgelerine esaslanýandygydyr. Şeýle oňyn netije tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, gaýtadan dikeltmek we täzeden ulanmak arkaly gazanylýar. Galyndysyz ykdysadyýet artykmaç önümçilik we aşa sarp ediş bilen baglanyşykly döreýän kynçylyklardan çykalga bolup, döwrüň iň möhüm meselelerini çözmäge ýardam edýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýet ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, şu günki we geljekki nesiller üçin deňhukuklylygy üpjün etmäge, ykdysady ösüşiň tebigy ekoulgamlara zyýan ýetirmeginiň öňüni almaga, dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilen konsepsiýadyr. Ekologik durnuklylyk, ykdysady netijelilik, innowasiýalar we tehnologik öňegidişlik ýaly ýörelgeler daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamaga hem-de geljekki nesiller üçin eşretli ýaşaýşy üpjün etmäge mümkinçilik döredýär.

«Ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegi, ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin täzeçil çemeleşmeleriň peýdalanylmagy, tebigaty goramak çygrynda innowasion çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu babatda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine we ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň berjaý edilişine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu ugurda giň gerimli işleri alyp barýar, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz parnik gazlarynyň, hususan-da, metanyň howa taşlanýan möçberlerini azaltmak babatda netijeli ädimleri ädýär. Muňa anyk mysal hökmünde döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde ornaşdyrylan çözgütleri we yzygiderli alnyp barylýan işleri görkezmek bolar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup, belent maksatlary nazarlaýan täze şäherde gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginden başlap, binalaryň ulanylyşyna çenli işleriň ähli tapgyry daşky gurşawa hiç hili zyýan ýetirmezlik ýörelgesine eýerýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulýan durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, olar boýunça maslahatlaryny berende, ýaşaýjylaryň oňaýly durmuş şertleri bilen bir hatarda, ekologik abadançylyk meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda «ýaşyl» tehnologiýalary energetika pudagyna ornaşdyrmak babatda-da uly işler alnyp barylýar. Gün we ýel energetikasyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek daşky gurşawa ýaramaz täsiri görnetin azaltmaga kömek edýär. Mysal üçin, «ýaşyl» ykdysadyýet nebitgaz pudagynda uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda, öndürilende we gaýtadan işlenilende has durnukly, ekologik taýdan arassa usullara geçmegi aňladýar. «Ýaşyl» ykdysadyýet oba hojalygynda ekologik taýdan arassa azyk önümleriniň öndürilmegine, daşky gurşawa täsiriň peselmegine hem-de ynsan saglygynyň goralmagyna ýardam edýär.

Täze ykdysady wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam etmäge ukyply, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak jemgyýetiň abadançylygy üçin ekologik taýdan amatly şertleri üpjün etmek boýunça strategik maksatlara ýetmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki zaman dünýä tejribesinde täze ykdysady şertlere kybap gelýän adam maýasyny kemala getirmek üçin döwletiň, işewürligiň hem-de bilim ulgamynyň tagallalarynyň birleşdirilmegine üns berilýär. Şunda taraplaryň her biriniň öňünde kesgitli wezipeler durýar. Döwletiň paýyna «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri ýola goýmak, «ýaşyl» iş ýerlerini döretmek, olarda zähmet çekjek hünärmenlere bildirilýän talaplary, şeýle hem işleriň guramaçylyk we durmuş-ykdysady tarapyny kesgitlemek bilen baglanyşykly wezipeler düşýär. Bilim ulgamy «ýaşyl» we galyndysyz ykdysadyýeti ösdürmekde täze kesp-kärleriňdir hünärleriň döredilmegi bilen baglanyşykly özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Okuw maksatnamalarynyň täze şertlere uýgunlaşdyrylmagy, bilim edalarynyň we olarda hünärmenleriň ýetişdirilmegine jogapkär işgärleriň, professor-mugallymlaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy, sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy oňyn netijeleri gazanmaga ýardam edýär. «Ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmakda işewürligiň paýyna bolsa degişli döwlet düzümleri we bilim edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, täze iş ýerleri üçin taýýarlanylýan hünärmenlere bildirilýän talaplary kesgitlemek, olaryň önümçilikde netijeli peýdalanylmagyny gazanmak ýaly wezipeler degişlidir.

«Ýaşyl» ykdysadyýet geljegi uly konsepsiýa hasaplanylyp, dünýä ýurtlary, halkara guramalardyr kompaniýalar onuň durnukly ösüş hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar babatda ähmiýetlidigini tassyklaýar. Bu konsepsiýa diňe bir ekologik taýdan däl, eýsem, ykdysady taýdan hem bähbitli bolup, bütin dünýä derejesinde innowasiýalar hem-de durnukly ösüş üçin täze mümkinçiliklere ýol açýar. Bu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan ösüş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Olaryň esasy maksady ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sanly ulgama geçilmegine, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyna, innowasiýalaryň hem-de täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

Çeşme: Türkmenmetbugat