
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynda şeýle jümleler bar: «Asyrlar çalşyp, döwürler üýtgese-de, adamzat käte geçmişiň sapaklaryny ahmal edýär. Hut şoňa görä-de, biziň daşary syýasatdaky «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgelerimiz hem geçmişden sapak alyp, şu günüň rahatlygyny, geljegiň aýdyňlygyny gazanmaga gönükdirilendir». Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyzyň baş maksady-da ýurdumyzy gülledip ösdürmäge, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge esaslanýar. Bu bolsa döwletimiziň halkara abraýynyň belende göterilmegini şertlendirýär.
Türkmenistan dünýäniň ençeme döwleti bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy saklaýar, halkara derejede ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bitarap ýurdumyzyň teklibi esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Aýanlyk, özara bähbitli gatnaşyk etmek, hoşmeýillilik, parahatçylyk söýüjilik, sabyr-takatlylyk, kesekiniň pikirine sarpa goýmak halkymyza mahsus asylly gylyk-häsiýetlerdir. Taryh türkmenlere parahatçylygyň we asudalygyň hatyrasyna akylly-başly hereket etmegi öwretdi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly kitabynda: «Men ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna çäksiz guwanýaryn. Ine, näçe müňýyllyklar öwrüm edeninden soň hem, halkymyz ynsany bezeýän şol ýörelgelerden berk binýat galdyrdy. Bu biziň seždegähimiz, eziz Diýarymyz, janymyzdan eý görýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzdyr» diýip belleýär. Täze taryhy şertlerde ýurdumyz milli bitewüligiň gadyryny bilmegiň, başgalar bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary saklamagyň nusgasyny görkezýär. Şoňa görä, dünýäniň ähli yklymlaryndaky döwletler bilen netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde-de parahatçylygyň pugtalanmagyna uly goşant goşup gelýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu merkeziň hut Türkmenistanda açylmagy, ilkinji nobatda, Bitaraplyk syýasatymyz we ýurdumyzyň Merkezi Aziýa sebitinden uzaklarda-da parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkin bolan goşandyny goşmaga ymtylmalary bilen şertlendirilendir. Çünki hemişelik Bitaraplygyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleri hemmetaraplaýyn özara utgaşýar.
Garaşsyz Watanymyzyň daşary syýasatynyň syýasy-diplomatik ölçegleri beýleki döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny we ösdürilmegini, halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek arkaly durmuşa geçirilýän anyk taslamalary öz içine alýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň oguz zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir. Şol ýörelge häzirki günde döwrebap mazmunynda Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklardaky üstünliklerinde wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan energetika serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde şol baýlyklaryny bütin adamzadyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşyklary hem munuň aýdyň güwäsidir. Galyberse-de, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy deňiz logistikasynyň ygtybarly hyzmat etmegine mümkinçilik berdi. Paýtagtymyz Aşgabat sebit we dünýä derejesinde gepleşikleriň, iri halkara çäreleriň, forumlardyr sergileriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olara dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlar, bilermenler, işewürler gatnaşýarlar hem-de ýurdumyzyň ähli ugurlarda ýeten derejesine ýokary baha berýärler.
Umuman, hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň parahatçylyk söýüjilikli häsiýetini, Türkmenistanyň ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen parahatçylykly, ylalaşykly ýaşamaga ymtylmalaryny aýdyň görkezýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda bolsa türkmen Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk şanly toýy toýlanýar. Bu şöhratly sene biziň her birimiziň abadan, röwşen geljege bolan ynamymyzy has-da berkidýär.
Atageldi NEPESOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Çeşme: Türkmenmetbugat