
Geljegimizi has-da nurlandyrjak, ýurdumyzy kuwwatlandyrjak, belent ahlakly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda tutanýerli zähmet çekmek, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilip, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim, oňat dynç almaklary bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde saklanýar. Ýaşlaryň hukuk hem-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek, aň-bilim, zähmet başarnyklaryny ýüze çykarmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi we «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» munuň subutnamasy bolup, olar ýaşlar baradaky aladany özünde jemleýär.
Biziň ýaşaýan döwrümiz sanly ulgamyň ähli ugurlara ornaşdyrylýan, innowasion ösüşleriň gazanylýan zamanasydyr. Şonuň üçinem ýaşlar sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, ýurdumyzda kabul edilen oýlanyşykly maksatnamalaryň, badalga berlen özgertmeleriň tiz durmuşa geçirilmegi üçin ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Bagtyýar ýaşlaryň elmydama öň hatarda bolmagy bizi buýsandyrýar.
Aýgül GURBANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.
Çeşme: «Balkan» gazeti