Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Energiýa üpjünçilik ulgamyndaky döwrebap işler
28.02.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda önümçilige innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyna, elektrik desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we täzelerini gurmak boýunça iri taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Diýarymyzda elektrik geçiriji ulgamlarynyň, paýlaýjy kiçi beketleriň gurulmagy, könelişen elektrik geçirijileriniň çalşyrylmagy netijesinde şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlary gowulanýar.

Awtomatiki gurluşlar bilen dolandyrylýan güýjenmäni özgerdiji gury güýç transformatorlar güýjenmäni birnäçe bahalarda özgerdip bilmek bilen bir wagtda, dürli görnüşli elektrik energiýasy bilen sarp edijileri üpjün etmeklige, elektrik ulgamlarynda birnäçe sebäplere görä güýjenmäniň kadaly bahasyndan üýtgemeginde elektrik enjamlaryny goramaklyga, şol elektrik çeşmesini awtomatiki ýagdaýda ätiýaçlyk ulgamyň gury güýç transformatorynyň üsti arkaly kadaly baha getirmeklige we kadaly ýagdaýa gelenden soňra, awtomatiki ýagdaýda ýene-de başlangyç çeşmä birikdirmeklige niýetlenendir. Şeýle hem bu elektrik enjamynda ätiýaçlyk awtomatiki birikdiriji gurluşyň ulanylmagy elektroenergiýanyň ygtybarlylygyny, ykdysady tarapdan tygşytlylygyny, elektrik enjamlaryny goramaklygy üpjün etmekde, goşmaça hyzmatlary, ýangyn howpuny aradan aýyrmakda ähli taraplaýyn amatly we ähmiýetlidir.

Gurbangeldi GARAGELDIÝEW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat

nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Çeşme: «Balkan» gazeti