
Serdar JORAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, podpolkownik:
— Ýurdumyzda BMG-niň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylda hem ÝUNESKO hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasy geçirilip, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. 15-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi hem geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemleri we 2025-nji ýylyň Meýilnamasynda bellenilen wezipeler barada pikir alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, möhüm halkara başlangyçlary durmuşa geçirmekde işjeň orun eýeleýän döwlet hökmünde tanalýar.
Röwşen POTYKOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Ahal welaýat müdirliginiň Bäherden etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy:
— Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek boýunça başyny başlan maksatnamalaýyn işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyga beslenýär. Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 14-nji fewralda geçirilen mejlisinde şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň nebitgaz, oba hojalygy, gurluşyk we senagat, ulag we aragatnaşyk, energetika ýaly möhüm pudaklarynda gazanylan üstünlikler hem-de medeniýet, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şeýle-de daşary syýasatda ýetilen sepgitler barada berlen hasabatlar hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Bularyň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny nazarlaýan oňyn özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Watanymyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly maksatlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Muhammetguly JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor:
— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli syýasaty, Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary, raýatlarymyzyň hyjuwly zähmeti netijesinde, eziz Diýarymyzyň keşbi günsaýyn özgerýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, olaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle döwletli işlerde Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan, anyk çözgütlerinden ugur alynýar. Ýakynda Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirmegi hem paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meselelerini ara alnyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Aksona KLYÇEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby:
— Türkmen žurnalistleri — bagtyýarlygyň waspçysy, parahatçylygyň wagyzçysy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Sebäbi, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de durmuş-medeni ösüşindäki ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň aýratyn orny bar. Häzirki wagtda içerki syýasy özgertmelerimiz, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan durmuş-ykdysady üstünliklerimiz hakynda ýörite makalalar taýýarlanylyp, milli metbugatda yzygiderli çap edilýär. Şonuň bilen birlikde-de, ýurdumyzyň dürli ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary dünýäniň maglumatlar giňişliginde giňden beýan edilýär. Ýakynda Milli Liderimiz hem döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetine bagyşlanan çärelerde Watanymyzyň ýeten derejesiniň, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmagy üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeňlik görkezmelidigini nygtady. Nesip bolsa, şu ýylda ýurdumyzda ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk çäreleri, gazanyljak üstünlikler dünýäniň media giňişliginde giňden açylyp görkeziler.
Agajan DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, maýor:
— Taryhyň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklara esaslanýan we ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýän türkmen-tatar hyzmatdaşlygy häzirki wagtda hem okgunly häsiýete eýe. Ynsanperwer ugurda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Hoşniýetlilige esaslanýan türkmen-tatar hyzmatdaşlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň alyp barýan asylly işleri netijesinde täze sahypalar açylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädimdir.
Eziz Diýarymyzy dost-doganlyk merkezi hökmünde dünýä tanadan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de parahatçylyksöýüji daşary syýasaty durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
çeşme: Türkmenmetbugat