Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Suw — ýaşaýşyň gözbaşy
24.02.2025

Suw ähli ýaşaýyş hadysalarynyň özenidir. Ol janly-jandaryň, ynsanyň ýaşaýşy üçin iň gerekli zatlaryň biridir. Halkymyz asyrlaryň dowamynda suwa aýawly garap gelipdir. Ata-babalarymyz onuň her bir damjasyny altyna deňäp, «Suw damjasy — altyn dänesi», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp — il», «Suwly ýer gül, suwsuz ýer çöl», «Ýer — hazyna, suw — göwher», «Suw atadyr, ýer — ene», «Suw hasylyň enesidir» ýa-da «Suw topragyň bereketli-hümmeti, bol suwly derýalar Watan gymmaty» diýen nakyllary döredipdirler. Oňa keramat hökmünde garap, salam beripdirler.

Döwletimiziň suwy rejeli we netijeli peýdalanmakda baý tejribesi bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, dünýäniň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, suw hojalyk ugry howa şertleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegine we onuň getirýän netijelerine garşy göreşmek hem Durnukly ösüş maksatlarynyň hataryna girizilendir. Türkmenistan bu meseleleriň çözülmegine jogapkärçilikli we uzak möhletleýin esasda çemeleşip, dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Ýurdumyz sebit we ählumumy derejede suw hem-de ekologiýa diplomatiýasyny işjeň ilerledip, bu möhüm ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, tutuş adamzada hyzmat edip biljek öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, Birleşen Milletler Guramasynyň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlary hem şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, ýurdumyz Aral deňziniň sebiti üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Saud Arabystany Patyşalygynda «Bitewi suw» sammiti geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynda suwy netijeli ulanmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler öňe sürüldi. «Bitewi suw» sammiti Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözülmegini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda suw gorlaryny goramaga we ondan rejeli peýdalanmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şeýle işleriň netijesinde, suwdan peýdalanmagyň täzeçil usullary we onuň hukuk taýdan üpjün edilmegi döwletimizde suw baýlyklaryndan tygşytly peýdalanmaga hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň suwa bolan isleglerini kanagatlandyrmaga giň mümkinçilik döredýär. 

Muhammet ŞALYKOW,

harby bölümiň serkerdesi, maýor.

çeşme: Türkmenmetbugat