
Hemişelik Bitaraplyk syýasaty ýurdumyza milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmäge hem mümkinçilik berdi. Hemişelik Bitaraplyk türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny özleşdirmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmaga gönükdirilen möhüm ykdysady taslamalary işläp düzmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň netijeli guralyna öwrüldi. Bu hakykaty biz eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ähli işlerde, şol sanda nebitgaz pudagyndaky işlerde hem aýdyň görýäris. Türkmenistan dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hataryna girýär. Ählumumy howpsuzlygy gazanmagyň tarapdary bolup çykyş edýän döwletimiz ýurduň uglewodorod baýlyklaryny halkyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge, şeýle hem ähli adamzadyň bähbitleri üçin netijeli ulanmaga gönükdirýär. Türkmenistanyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny kepillendirmek barada öňe süren başlangyçlary Milletler Bileleşigi tarapyndan goldanylyp, degişli Rezolýusiýalar kabul edildi. Türkmenistan baky Bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, nebitgaz serişdelerini dünýäniň energetika bazaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar, hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu taslama abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.
Şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz beýleki pudaklar bilen bir hatarda nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini belläp, 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap belledi. Möhüm wezipeleriň hatarynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, aýratyn-da, bu taslamanyň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyny güýçli depginde alyp barmak, nebite baý ýataklaryny, geljegi uly hasaplanýan meýdançalary özleşdirmek bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga möhüm ähmiýet bermegi, uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan ýataklaryny gözlemek we barlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň, seýrek duş gelýän minerallaryň, ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini üstünlikli dowam etdirmegi, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Döwletimiz öz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitleri üçin ulanýar. Bu bolsa, Türkmenistana Merkezi Aziýa we Hazar sebiti şeýle hem, dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga, ösdürmäge ýardam edýär. Döwletimiz daşary syýasatynyň esasy ugry bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri yzygiderli berjaý edip, ählumumy işlere barha işjeň goşulyp, parahatçylygyň we agzybirligiň, adamzadyň belent maksatlarynyň berkarar bolmagynyň bähbidine halkara gatnaşyklaryna uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy berkitmek bilen birlikde ählumumy howpsuzlygyň düzüm bölegi bolan energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň, döwrebap halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň kemala gelmeginiň üpjün edilmegindäki netijeleri hemmelere mälim hakykatdyr. Durnukly ösüşi, parahatçylygy, halklaryň hem döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmagy öňe sürýän bu taglymatlary we başlangyçlary hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenmek, olary amal etmek her birimiziň mukaddes borjudyr.
Ogulsuraý HEBBIKULIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
çeşme:Turkmenmetbugat