Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Gadamlary batly, işleri netijeli
20.02.2025

Ýurdumyzyň ähli ugurlarda depginli ösüşlere beslenmeginde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlanmagynda nebitgaz toplumy möhüm orny eýeleýär. Pudagyň kärhanalarynda çig maly çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna gymmatly nebit önümleriniň öndürilişi barha artdyrylýar. Bu işe Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we başarjaň işgärleri saldamly goşant goşýarlar. Olar geçen ýyly üstünlikli jemläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadam basdylar.

Tamamlanan ýylda bu iri senagat kärhanasynda çig mallaryň 472,3 müň tonnasy gaýtadan işlenilip, gymmatly nebit önümleriniň uly möçberi öndürildi. Şonda öndürilen benzin önümleri 244 müň tonna barabar boldy. Munuň özi bu geçginli önümiň öndürilişiniň öňki ýyl bilen deňeşdirilende 5,9 göterim artdyrylandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle-de tamamlanan ýylda bu ýerde dizel ýangyjynyň 117,9 müň tonnasy, nebit bitumynyň 21,5 müň tonnasy we beýleki geçginli önümler öndürilip, sarp edijilere ugradyldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň fewral aýynyň 14-inde sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şanly ýylyň ýanwar aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylanda, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň hem üstünlikli berjaý edilendigi habar berildi. Şonuň netijesinde benzin, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamalary ýerine ýetirildi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagynda seýdili nebiti gaýtadan işleýjileriň mynasyp paýy bar. Öňe ilerlemeler kuwwatly önümçilik desgalarynyň sazlaşykly işledilmegi, kärhananyň çig mallar bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagy arkaly gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz kärhananyň meselelerine ýakyndan üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Şonuň netijesinde geçen ýyllarda kärhananyň durkuny düýpli täzelemek, täze önümçilik desgalaryny gurmak boýunça iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Önümçilik desgalary döwrebaplaşdyryldy, öndürilýän önümleriň sanawy artdyryldy, hili ýokarlandyryldy. Bu bolsa kärhananyň girdejisiniň artmagynda hem ähmiýetli boldy.

— Kuwwatly kärhanamyzda işler geljege nazarlanyp guralýar. Hut häzirki günlerde hem önümçiligiň durkuny täzelemek boýunça işler dowam edýär. Biz öz tarapymyzdan guramamyzyň agzalarynyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmeklerini gazanmak, olar üçin amatly we howpsuz iş şertleriniň döredilmegini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere ýakyndan gatnaşýarys. Şeýle-de işgärlerimiziň ýaşaýyş jaý şertlerini yzygiderli gowulandyrýarys. Bu bolsa gaýtadan işleýjilerimize Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmaga uly ýardam berer — diýip, kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ahmet Annamyradow ynam bilen aýdýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW öz habarçysy

çeşme: Turkmenmetbugat