
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň baýlyk gözleýjileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýärler. Ýakynda buraw ussasy Tagangeldi Amanowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Uzynada baýlyklar känindäki ulanyş maksatly 85-nji çuň guýynyň buraw işlerini üstünlikli tamamlap, «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berdi. Häzirki wagtda bu guýy bir gije-gündizde 75 müň kub metr tebigy gaz we 70 tonna nebit kondensatyny berýär. Munuň özi Uzynadanyň nebitgaz gorunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan nebitgaz senagatyna berýän yzygiderli üns-aladasy netijesinde daşary ýurtlardan satyn alynýan kuwwatly buraw desgalaryna başarjaňlyk bilen erk edýän burawlaýjylar gaýratly zähmet çekýärler. Kämil buraw desgalary olara has çuň gatlaklarda ýerleşýän ýangyç çig malynyň baý gorlaryna aralaşmaga ýardam berýär.
Muhammet Gylyjow öz habarçysy
çeşme:Turkmenmetbugat