
Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny güýçli depginler bilen ösdürmek wezipesiniň oňyn çözgütlerini ylym we bilim ulgamlarynyň işini hil babatda dünýä ülňülerine laýyk getirmekde görýäris. Bu hakykata berk eýerýän hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny kämilleşdirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şeýle bolansoň, üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, jemgyýetiň ruhy we medeni taýdan kämilleşmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ajaýyp zamanamyzda edep-terbiýeli, arassa ahlakly, watansöýüji, özbaşdak çözgütleri kabul edip bilýän, täze başlangyçlary orta atyp, hünär kämilliginde täze belentlikleri nazarlaýan ýaş nesiller kemala gelýär. Döwlet Baştutanymyz: «Eziz Watanymyzyň geçmişine, berkarar döwletimiziň şu günki ýeten belentliklerine, abraý-mertebesine guwanýan, maşgala ýörelgelerine, ata-enä, dogan- -garyndaşa, il-güne ygrarly, ylymly-bilimli, watansöýüji nesiller biziň buýsanjymyzdyr» diýip, Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan ýaşlaryň ylym-bilim almaklary, sport bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkitmekleri, oňat dynç almaklary üçin mümkinçilikler näçe diýseň bar. Döwlet derejesinde ýaş nesiller barada edilýän şunuň ýaly aladalara jogap edip, olary ylymly-bilimli, kämil hünärmenler edip ýetişdirmekde yhlasymyzy, başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Nurmeňli Mamenowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
çeşme: Balkan gazeti